Öndürijiler, adatça, tehnologiýa dünýäsiniň iň köp satylýan we möhüm ugurlaryndan biri bolan smartfonlar üçin ätiýaçlyk şaýlary we 2-3 ýyl täzelenme goldawy bilen üpjün edýärler. Germaniýa bu ýagdaýyň üýtgemelidigine ünsi çekip, Ýewropa Bileleşigine täze teklip berdi. Germaniýanyň hökümeti tarapyndan berlen teklibe görä, 7 ýyllap smartfonlar we planşetler üçin howpsuzlyk täzelenmeleri we ätiýaçlyk şaýlary goldawy talap edilýär. Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigi 5 ýyla çenli täzelenmegi we ätiýaçlyk şaýlary goldawyny 6 ýyla çenli azaltmak üçin işleýär. Bu öndürijiden öndürijä üýtgese-de, 2 ýyldan 3 ýyla çenli berilýär. Howpsuzlyk täzelenmesi we ätiýaçlyk şaýlaryny goldamak döwürlerinden başga-da, Germaniýa ätiýaçlyk şaýlarynyň bahalary barada teklip hödürledi. Bu teklipde ätiýaçlyk şaýlarynyň bahalarynyň gymmatdygy we ulanyjylara elýeterli bahadan hödürlenmelidigi belledi. Germaniýa Ýewropa Bileleşiginiň sarp edijileriň teklibi bilen has berk ädim ätmegini islese-de, öndürijiler bu haýyşlaryň aşa köpdügini aýdýarlar. “Apple”, “Samsung”, “Google” we “Huawei” ýaly möhüm öndürijilere wekilçilik edýän “DigitalEurope” howpsuzlyk täzelenmesiniň 3 ýyl berilmelidigini öňe sürýär.