Tai­lan­dyň go­laý­da ara­dan çy­kan pa­ty­şa­sy Pu­mi­pon Adul­ýa­de­tiň (Ra­ma IX) ýalňyz og­ly 64 ýa­şyn­da­ky Ma­ha Wa­çi­ra­long­korn ýurduň tä­ze pa­ty­şa­sy hök­mün­de tag­ta geç­di. Ol Ra­ma X bol­dy.
Döwletiň Mil­li ka­nun­çy­lyk as­samb­le­ýa­sy­nyň (par­la­men­ti) ýö­ri­te mej­li­sin­de onuň ýol­baş­çy­sy Pom­pet Wi­çit­çon­çaý mi­ras­dü­şer şa­za­da­ny pa­ty­şa hök­mün­de saý­lan­dyk­la­ry­ny ha­bar ber­di. Tai­lan­dyň ozal­ky pa­ty­şa­sy 1946-njy ýyl­da tag­ta ge­çip­di. Ol şu ýy­lyň 13-nji okt­ýab­ryn­da 88 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy. Tä­ze pa­ty­şa­nyň tag­ta geç­mek da­ba­ra­sy onuň ka­ka­sy jaý­la­nan­dan soň­ra ama­la aşy­ry­lar. Hä­zir­ki wagt­da ozal­ky pa­ty­şa­nyň ta­by­ty uly Pa­ty­şa köş­gün­de sak­lan­ýar. Bu ýe­re her gün müň­ler­çe adam ge­lip, 70 ýyl Tai­land­da baş­tu­tan­lyk eden ýol­baş­çy­sy­na öz hor­ma­ty­ny bil­dir­ýär­.