Häzirki wagtda dünýäde çagalaryň okamagy, döretmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şolaryň hatarynda çagalar baglary aýratyn orun eýeleýär. Çagalar baglary olaryň köpçülik bilen ýüzbe-ýüz bolýan ilkinji ýeri bolup durýar. Olar bu ýerde öz deň-duşlary bilen ilkinji gezek harplaryň, sanlaryň, reňkleriň täsin dünýäsine aralaşýarlar. Geliň, dünýäniň iň täsin çagalar baglary bilen tanyş bolalyň!

Parižiň “Ecole Maternelle Pajol” atly çagalar bagy dürli reňkleriň ýakymly dünýäsidir. Bu çagalar bagynyň ähli ýerleri owadan hem ýagty reňkler bilen bezelen. Çagalaryň ýaş aýratynlygy göz öňünde tutulyp, olaryň okamagy, öwrenmegi üçin ilkinji ädimler bu reňkleriň täsin dünýäsinden başlanýar. Bagyň girelgesinden başlap ähli ýerler açyk reňkler bilen bezelen dürli şekillerden ybarat. Bu bolsa, çagalaryň keýpiçaglygyny sazlaýan özboluşly usuldyr.

Hytaýyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşip, iri port şäheri hasaplanýan Týanszin şäherindäki çagalar bagynyň gyralary tegelenendir. Ýagty reňkler berlip, menek-menek şekilli jaý çagalarda şadyýan duýgulary oýarmaga kömek edýär. Oýnamaga we öwrenmäge niýetlenen böleklerdäki gözellik körpeleriň şadyýanlygyny, keýpiçaglygyny üpjün edýär. Olaryň pikirleniş ukybynyň ösmegine we birek-birek bilen aragatnaşygynyň ýygjamlaşmagyna uly kömek edýär. Binanyň üçeginde emeli gök ot ösdürilýän meýdanýa bolsa, körpelere ýene-de bir özboluşly oýun meýdança bolup hyzmat edýär.

Berliniň “Taka-Tuka-Land” atly bu çagalar bagyny guran binagärler, esasan, körpeleriň diýseň işjeňdiklerini we herektidiklerini göz öňünde tutupdyrlar. Olar eýläk-beýläk örän tiz ylgaýarlar, bökýärler. Binagärler çagalary ylgatmazlyk ýa-da artykmaç hereket etdirmezlik üçin däl-de, eýsem olaryň çaltdan-çalt hereketlerini hiç bir päsgelçiliksiz amala aşyrmaklary üçin ähli şertleri döredipdirler. Şeýle hem, bagyň girelgesi äpet çatma şekilindedir. Merdiwanlardan, sallançaklardan doly içerki gurluş çagalaryň söýgüli mekanydyr.

Aýna NAZARGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.