Germaniýanyň BMW kompaniýasy elektroulaglara bolan islegiň ýokarlanmagy bilen has köp batareýa sargyt edipdir. Nemes brendi batareýa sargydyny 12 milliard ýewrodan 20 milliard ýewro çykarypdyr. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Oliwer Zipse täze sargyt edilen batareýalaryň 2024-nji ýyla çenli öndüriljek “i4 sedan” we “iX sport” ulaglaryna oturdyljakdygyny aýtdy. Kompaniýa şu ýylyň birinji ýarymynda satan ulaglarynyň 11 göteriminiň elektrik energiýasy bilen işleýändigini habar berdi.
Şeýle hem nemes brendi global derejede ýüze çykan çip ýetmezçiliginiň oňaýsyz täsirini duýýar. Zipse bu meseläniň birnäçe aý dowam edip biljekdigine ünsi çekdi.