Ispaniýanyň çempionaty La Ligada iki duşuşygyň wagty soňa süýşürildi. Milli ýygyndylaryň duşuşyklary sebäpli käbir klublar ýurduň futbol federasiýasyna çempionatda şu hepde oýnaljak duşuşyklaryň wagtyny süýşürilmegi üçin haýyş bilen ýüz tutdular. Ýöne federasiýa Barselona bilen Sewilýanyň haýyşyny kabul edip, Madrid şäheriniň wekilleri – Real bilen Atletikonyň tekliplerini yzyna gaýtardy. Şeýlelikde, şenbe güni oýnalmaly Barselona-Sewilýa hem-de Wilýarreal-Alawes duşuşyklarynyň geçiriljek wagty soňa süýşürildi. Ady agzalan toparlaryň üçüsinde günorta amerikaly futbolçylar bolup, olaryň saýlama tapgyryndaky duşuşyklary 10-njy sentýabrda anna güni irden oýnalar. Günorta Amerikadan gelip, şenbe güni duşuşyga çykmak bolsa, futbolçylar üçin oňaýly bolmaz. Barselonadyr Sewilýanyň hem-de Wilýarrealyň üstesine-de sişenbe güni Çempionlar ligasynda duşuşyklary bar.
Real Madrid bilen Atletiko Madridiň çempionatdaky duşuşyklary ýekşenbe güni bolup, iki topar Çempionlar ligasynda-da çarşenbe güni meýdança çykarlar.