Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Alek­sandr Lu­ka­şen­ko Azer­baý­jan­da res­mi sa­par­da bol­dy. Ba­ku şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­riň çäk­le­rin­de ta­rap­lar iki ýur­duň ara­syn­da dür­li ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy has-da ber­kit­mä­ge yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­dy­lar. Be­la­rus bi­len Azer­baý­jan ne­bit pu­da­gyn­da uzak ­möh­le­tleýin hyz­mat­daş­lyk alyp bar­ma­gy göz öňün­de tut­ýar­. Şeý­le hem iki ýur­duň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­ni 700 mil­li­on dol­la­ra ýe­tir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Şu sa­pa­ryň çäk­le­rin­de bir­nä­çe iki­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­di. Olar dür­li ugur­lar­da hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge ýar­dam eder. Ta­rap­lar 2025-nji ýy­la çen­li iki ýur­duň ara­syn­da dur­muş-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gynyň me­ýil­na­ma­sy­na, oba ho­ja­ly­gy, sport, ylym-bi­lim we beý­le­ki ugur­lar bo­ýun­ça yla­la­şyk­la­ra gol çek­di­ler.
Şeý­le hem Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Alek­sandr Lu­ka­şen­ko­nyň Azer­baý­jan­da sa­par­da bol­ýan döw­rün­de bu ýur­da Slo­wa­ki­ýa­nyň hö­kü­met baş­tu­ta­ny Ro­bert Fi­so­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky to­par sa­pa­ra gel­di. Olar Be­la­ru­syň Prem­ýer-mi­nist­ri And­reý Kob­ýa­kow bi­len du­şuş­dy. On­da mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy, oba ho­ja­ly­gy, agaç­dan dür­li ha­ryt­la­ryň ön­dü­ril­me­gi, sy­ýa­hat­çy­lyk ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. Bu sa­par Be­la­rus bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň hem no­bat­da­ky şa­ýa­dy bol­dy.