Halkara energetika guramasynyň dünýä möçberindäki elektroulaglar boýunça taýýarlan hasabatyna görä, 2030-njy ýyla çenli elektroulaglaryň umumy sany 145 milliona ýeter.
Soňky ýyllarda meşhurlyk gazanan elektroulaglar bu ugurda iş alyp barýan köp sanly kompaniýalara uly maýa goýumlaryny goýmaga mümkinçilik berdi. Geljekde şeýle ulaglaryň zarýad mümkinçilikleri babatda täze çemeleşmeler ýüze çykan halatynda, has köp elektroulag peýda bolup, olaryň bütin dünýäde giňden ýaýramagyna garaşylýar.
Şeýle ulaglaryň sanynyň 2030-njy ýylda 145 milliona ýetmegine garaşylýar. Ýöne käbir çaklamalara görä, olaryň sanynyň 230 milliona çenli artmagy mümkin.
Hasabatlarda bellenilip geçilişi ýaly, 145 million elektroulagyň peýda bolmagy nebite bolan islegiň günde 2 million barrele çenli azalmagyna getirip biler. Şeýle hem bu ulaglar 120 million tonna kömürturşy gazynyň howa goýberilmeginiň öňüni alar we ulaglaryň sany 230 milliona çenli köpelse, nebitiň sarp edilişi günde 3,5 million barrele çenli azalar.
Ýakup AÝDOGDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby.