Guşlar te­bi­gat­da iý­mit zyn­jy­ry­nyň mö­hüm hal­ka­sy­ny eme­le ge­tir­ýär. Bu jan­dar­lar me­de­ni zo­lak­lar­da oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ne zy­ýan be­ri­ji mör-mö­jek­le­ri iý­ýän bol­sa­lar, ýa­ba­ny te­bi­gat­da dür­li ösüm­lik­le­riň kö­pel­me­gi­ne we ýaý­ra­wy­nyň art­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Mör-mö­jek­ler bi­len iý­mit­len­ýän guş­la­ryň bi­ri hem «ary iýi­ji­ler­dir». Yl­my dil­dä­ki ady «Me­rops» hem bol­sa, ola­ra köp dil­de «ary gu­şy» ýa-da «ary iýi­ji» di­ýil­ýär. Köp­lenç ary­lar bi­len iý­mit­le­nen­soň, ola­ra şeý­le at ber­lip­dir. Bu guş­lar, esa­san, Af­ri­ka­da, Gü­nor­ta Ýew­ro­pa­da, Azi­ýa­da, Awst­ra­li­ýa­da we Tä­ze Gwi­ne­ýa­da ga­bat gel­ýär. Ola­ryň kä­bir gör­nü­şi pa­syl­la­ryň ça­lyş­ma­gy bi­len ýy­ly ýurt­la­ra gö­çüp, iý­mit­len­mek üçin uç­ýan mör-mö­jek­le­ri aň­sat­lyk bi­len ta­pyp bol­jak bat­ga­lyk ýer­le­riň go­la­ýyn­da ýa­şa­ýar­lar. Çä­ge­den we to­ýun­dan edi­len di­war­lar­da ki­çi­räk de­şik­ler de­şip, hö­würt­ge ýa­sa­ýar­lar. Şeý­le-de bu jan­da­ryň tä­sin ta­ra­py hö­würt­ge­si­ni ýe­riň as­tyn­da hem gu­rup bil­ýän­di­gi­dir.
Daşky görnüşi. Iň reňk­li jan­dar­la­ryň bi­ri bo­lup, boý­ny açyk sa­ry, kel­le­si­niň üs­ti gy­zyl go­ňur, ga­na­ty bol­sa gök we ýa­şyl reňk­le­ri bi­len özü­ne çek­ýär. Göz­le­ri­niň yz ta­ra­pyn­da in­çe ga­ra çy­zyk bol­ýar. Eňe­gin­den ga­ra çy­zyk geç­ýär. Çüňk­le­ri ga­ra reňk­de bo­lup, uzyn we aşak­ly­gy­na ta­rap eg­rel­ýär. Ga­nat­la­ry we guý­ruk­la­ry uzyn, ar­ka­sy ak reňk­de­dir.
Iýmitlenişi. Adatça ary­lar bi­len iý­mit­len­ýän bu jan­dar­lar ary­lar­dan baş­ga-da te­ne­çir, ke­be­lek we tom­zak ýa­ly mör-mö­jek­le­riň beý­le­ki gör­nüş­le­ri bi­len iý­mit­len­ýär­ler.
Bu gu­ş Te­bi­ga­ty go­ra­magyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­giniň (IUCN) Gy­zyl ki­ta­bynyň «ýitip ýok bolmak howpy pes» ka­te­go­ri­ýa­sy­na gi­ri­zi­len­dir.