Pi­şik­ler ada­ma iň ýa­kyn jan­dar­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Dün­ýä­de iň köp sak­lan­ýan öý­de­çi haý­wan­la­ryň bi­ri bo­lan pi­şik­ler köp ýat­ýan­dy­gy we çe­ýe he­re­ket­le­ri bi­len bel­li­dir. Bu jan­dar er­te­ki we mult­film gah­ry­ma­ny hök­mün­de hem has köp ga­bat gel­ýär. Pi­şik­le­riň nä­hi­li be­ýik­lik­den taş­lan­sa hem dört aýa­gy­nyň üs­tü­ne düş­ýän­di­gi aý­dyl­ýar. Eý­sem, bu dog­ru­my­ka!? Bu jan­dar­lar göz açyp-ýu­ma­sy sa­lym­da nä­dip öw­rü­lip ýe­tiş­ýär­ler?
Il­ki bi­len pi­şik­le­riň he­mi­şe dört aýa­gy­nyň üs­tü­ne düş­me­ýän­di­gi­ni aý­da­lyň! Kä­ha­lat­lar­da ar­kan düş­ýän ýag­da­ýy­na hem ga­bat ge­lin­ýär. Pi­şik­le­riň be­den gur­lu­şy örän çe­ýe bo­lup, ga­ty yl­ga­mak, be­ýik­li­ge bök­mek we dar ýer­den geç­mek ýa­ly ukyp­la­ry bar. Bu jan­dar­la­ryň çe­ýe­li­gi be­de­ni­ni gys­ga wagt­da dü­zelt­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Şol se­bäp­li olar nä­hi­li be­ýik­lik­de­nem aşak goý­be­ril­se-de der­rew di­ke­lip, dört aýa­gy­nyň üs­tü­ne düş­me­gi ba­şar­ýar­lar.
Pi­şik­le­ri öw­ren­mek bi­len meş­gul­lan­ýan Emi­li Par­ker at­ly hü­när­men bu ýag­da­ýyň ref­leks ýag­ny, yg­ty­ýar­syz he­re­ket bi­len bag­ly­dy­gy­ny aýd­ýar. Ref­leks bo­lan­da, my­sal üçin, ada­myň ýü­zü­ne haý­sy­dyr bir zat go­laý gel­se, bir­den gö­zü­ni gyrp­ma­gy ýa­ly. Pi­şik­ler­dä­ki bu ref­leks bol­sa, be­de­ni bel­li bir ta­ra­pa ug­ruk­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şeý­le­lik­de pi­şi­giň kel­le­si he­mi­şe dik ýag­daý­da sak­la­nyp, be­de­ni­niň ga­lan bö­le­gi­ni do­lan­dyr­ýar. Dik dur­mak ref­lek­si di­ňe pi­şik­ler­de däl, eý­sem, äh­li oňur­ga­ly jan­dar­lar­da hem bar. Şeý­le-de bol­sa pi­şik­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan ge­çi­gap­laň, ga­ra­gu­lak, gum pi­şi­gi ýa­ly jan­dar­lar mu­ňa has ök­de bol­ýar.
Pi­şik­le­riň be­de­ni­niň örän çe­ýe­di­gi­ni aý­dyp­dyk. Bu jan­da­ryň kel­le­si bi­len aýa­gy 180 de­re­je aý­la­nyp bil­ýär. Ýag­ny kel­le­si dik du­ran wag­ty art aýa­gy as­ma­na ba­kyp bil­ýär.
Hü­när­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, pi­şik aşak ga­çyp baş­lan ma­ha­ly onuň be­de­ni­niň öňi bi­len yzy bir-bi­rin­den ga­raş­syz ýag­daý­da he­re­ket ed­ýär. Şeý­le ýag­daý­da pi­şik il­ki öň aýak­la­ry­ny bü­küp, ça­la­syn­lyk bi­len be­de­ni­niň dik bol­ma­gy­ny ga­zan­ýar. Par­ker «Buz­da typ­ýan tür­gen nä­dip el­le­ri­ni ýyg­ryp, ça­la­syn­lyk bi­len aý­lan­ýan bol­sa, pi­şik hem şo­ny ed­ýär» – di­ýip bel­le­ýär. Şeý­le­lik­de pi­şik il­ki öň aýak­la­ry­ny soň­ra bol­sa be­de­ni­niň bi­lin­den aşa­gy­ny we ar­ka aýa­gy­ny dik­le­ýär. Be­de­ni dik­le­nen ba­dy­na aýak­la­ry­ny uza­dyp, ýe­re düş­mä­ge taý­ýar bol­ýar.
Bu­la­ryň äh­li­si örän gys­ga wagt­da bo­lup geç­ýär. Şeý­le-de bol­sa kä­ha­lat­lar­da pi­şik­le­riň ýe­re dik düş­mek­le­ri üçin wag­ty az­lyk edip bil­ýär.
Her ni­çik-de bol­sa, pi­şik­le­riň hem jan­ly­dy­gy­ny unut­maň we ola­ry gy­na­maň! Öý haý­wan­la­ry­na we beý­le­ki jan­ly-jan­dar­la­ra ýa­kyn ba­ra­ny­ňyz­dan soň­ra el-ýü­zü­ňi­zi ma­za­ly ýuw­ma­gy ýa­dy­ňyz­dan çy­kar­maň!
Pi­şik­ler ba­ra­da
gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar
1963-nji ýy­lyň 18-nji okt­ýab­ryn­da il­kin­ji ge­zek kos­mo­sa pi­şik uçu­ryl­ýar. Ag­ra­my 2,5 kg bo­lan «Félicet­te» at­ly pi­şik Fran­si­ýa­nyň kos­mos mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de Al­žir­dä­ki kos­mod­rom­dan uçu­ryl­ýar. Pi­şi­giň at­mos­fe­ra­nyň da­şy­na eden sy­ýa­ha­ty şow­ly ta­mam­lan­ýar.
Pi­şik­ler dün­ýä­niň äh­li halk­la­ryn­da iň köp ýaý­ran öý haý­wa­ny ha­sap­lan­ýar.
Pi­şi­giň il­kin­ji ka­ri­ka­tu­ra­sy «Fe­lix the cat» ady bi­len 1919-njy ýyl­da çap edil­ýär.
Pi­şik bi­len sy­ça­nyň ara­syn­da­ky baş­dan­ge­çir­me­ler ba­ra­da gür­rüň ber­ýän «Tom we Jer­ri» mult­fil­mi il­kin­ji ge­zek 1940-njy ýyl­da to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ril­ýär.
Gap­laň­lar hem pi­şik­ler maş­ga­la­sy­nyň we­ki­li bo­lup, iň uly gap­la­ňyň uzyn­ly­gy 3,6 metr, ag­ra­my 300 ki­log­ram­dan geç­ýär.
Pi­şi­giň bur­nu­nyň her ta­ra­pyn­da 12 mur­ty bol­ýar.
Pi­şik­ler oýa wag­ty­nyň üç­den bir bö­le­gi­ni aras­sa­lan­mak bi­len ge­çir­ýär­ler.
Pi­şik­ler gi­je-gün­di­ziň üç­den iki bö­le­gi­ni, ýag­ny 16 sa­ga­dy­ny ýa­typ ge­çir­ýär­ler.
Is­le gyş bol­sun, is­le-de ýaz, pi­şik­ler öz­le­ri üçin iň go­wy tem­pe­ra­tu­ra­ly ýe­ri ta­pyp, şol ýer­de ýat­ýar­lar.
Pi­şik­ler öz be­de­ni­niň 5-6 es­se­si ýa­ly ara­ly­ga bö­küp bil­ýär­ler.
Öý pi­şik­le­ri­niň ag­ra­my 4-5 ki­log­ram ara­ly­gyn­da bol­ýar.
Dün­ýä­de 500 mil­li­on­dan gow­rak öý pi­şi­gi­niň bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar.
Pi­şik­ler adam­dan has çalt yl­ga­ýar­lar.
Pi­şik­ler or­ta­ça 12-15 ýyl ýa­şa­ýar­lar.