Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi raýatlara howanyň üýtgemegi netijesinde döräp biljek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça maslahatlary bilen ýüzlenýär. Ine, şol maslahatlar:
Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý ediň! Agyz- burun örtüklerini dakynyň,
2 metrden ybarat bolan howpsuz aralygy berjaý ediň, elleriňizi arassa saklaň!
Maşgalada gartaşan adamlar we çagalar bar bolsa, onda olar daşaryk çykmazdan öň, hökman burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly. Mümkin boldugyça, gartaşan adamlar we çagalar öýde galmaly, köpçülikleýin ýerlere barmakdan saklanmaly.
Ýiti respirator keseliň alamatlary asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, endam-janyň agyryp üşütmegi we işdäniň azalmagy bilen ýüze çykýar.
Eger siz ýa-da siziň maşgalaňyzyň bir agzasy ýiti respirator ýokanç kesel bilen näsaglan bolsa, lukmana ýüz tutmaly we diňe degişli maşgala lukmany hem-de ýöriteleşen hünärmenler tarapyndan bellenen, ýöriteleşdirilen bejergini kabul etmeli.
Aşgabat şäherindäki saglyk öýleriniň we beýleki saglygy goraýyş edaralarynyň telefon belgileri:
1-nji saglyk öýi — 45-21-73;
2-nji saglyk öýi — 34-41-40;
3-nji saglyk öýi — 76-80-87, 76-57-97;
4-nji saglyk öýi — 37-42-86;
5-nji saglyk öýi — 27-45-06, 27-45-28;
6-njy saglyk öýi — 23-09-03;
7-nji saglyk öýi — 26-74-32;
8-nji saglyk öýi — 27-78-22;
9-njy saglyk öýi — 26-03-15;
10-njy saglyk öýi — 48-29-80, 48-02-80;
11-nji saglyk öýi — 95-73-12, 95-73-27;
12-nji saglyk öýi — 32-10-22, 32-10-19;
13-nji saglyk öýi — 25-73-03;
14-nji saglyk öýi — 51-56-70;
15-nji saglyk öýi — 47-84-77;
16-njy saglyk öýi — 97-67-98, 97-67-99;
Aşgabat şäher çagalar hassahanasy — 92-67-21;
Bejeriş-maslahat beriş merkezi — 43-85-27;
Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýeti — 73-95-35;
Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy — 36-92-68;
Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy — 94-05-80;
Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi — 90-79-35 /36.