“Şu günler Ýewropa bazaryndaky gazyň bahasy 1000 kub metr üçin 730 dollardan geçip, rekord goýdy. Söwda maglumatlary muny subut edýär” diýip, “RIA Nowosti” habarlar gullugy mälim edýär.
13-nji sentýabrda Niderlandlardaky TTF merkezinde gazyň 1000 kub metrine 713,1 dollar, soň 728,2 dollar, soňra bolsa, 730,1 dollar baha kesildi.
Ýewropada mundan ozalky rekord 10-njy sentýabrda goýlup, gazyň her 1000 kub metriniň bahasy 710 dollara ýetipdi.