16-njy sentbýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 20-nji sammiti öz işine başlar. Bu gurama ýurtlaryň arasynda deňagramlylygy gazanmak maksady bilen 2001-nji ýyldan bäri Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan ýaly ýurtlaryň liderleri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän hökümetara gurluşdyr.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy häzirki wagtda sekiz esasy agzany öz içine alýar: Hytaý, Russiýa, Gyrgyzystan, Gazagystan, Täjigistan, Özbegistan, Hindistan we Pakistan, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasyň goşulmagyna garaşylýar, şeýle hem üç ýurt: Mongoliýa, Belarus we Owganystan. Eýran 2005-nji ýylda bu guramada synçy boldy.

Şeýle hem, Azerbaýjan Respublikasy, Ermenistan Respublikasy, Kamboja Patyşalygy, Nepal Federal Demokratik Respublikasy, Türkiýe Respublikasy we Şri-Lanka Sosial Demokratik Respublikasy ýaly birnäçe gepleşik boýunça hyzmatdaşlary bar.

ŞHG-niň esasy wezipeleri agza döwletleriň arasynda özara ynamy we hoşniýetli goňşuçylygy güýçlendirmek, syýasat, söwda, ykdysadyýet, barlag, tehnologiýa we medeniýet, şeýle hem bilim, energiýa, ulag, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Adatça, sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň goralmagy we kepillendirilmegi, täze demokratik, adalatly we oýlanyşykly halkara syýasy we ykdysady tertip-düzgüni döretmek ugrundaky hereket ŞHG-niň wezipesidir.

Gurama içerki syýasatyny birek-birege ynam, özara bähbit, deňlik, özara maslahatlaşmak, medeni dürlülige hormat goýmak we umumy ösüş islegi ýörelgeleriniň çäginde alyp barýar, daşary syýasaty bolsa goşulyşmazlyk ýörelgelerine eýerýär.

Söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysadyýetiniň umumy göwrümi, takmynan, 20 trillion dollara barabar bolup, döredilen gününden bäri 13 esse köpeldi. Daşary söwdanyň umumy mukdary 6,6 trillion dollara ýetdi, bu bolsa 20 ýyl ozalkydan 100 esse köp.