Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň ýolbaşçysy Abdulla Şahid 75-nji sessiýanyň ýolbaşçysy Wolkan Bozkyrdan bu wezipäni kabul edip aldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçirilen dabarada Wolkan Bozkyr wezipesini Maldiwleriň daşary işler ministri Abdulla Şahide tabşyrdy. Bozkyr kyn döwürde bu wezipäni ýerine ýetirendigine ünsi çekip, wezipäni kabul edip alan wagty işgärleriň aglabasynyň öýlerinden wideoaragatnaşyk arkaly işleýändigini belledi.
Geçen ýyl bu wezipä girişen Bozkyra 178 ýurt ses beripdi.
Ýeri gelende bellesek, BMG-niň Baş Assambleýasyna her ýyl dünýäniň bir sebitinden saýlanan diplomat ýolbaşçylyk edýär. 2021-2022-nji ýyllary öz içine alýan 76-njy sessiýany dolandyrmak gezegi Aziýa-Ýuwaş ummany toparyndan bir ministre degişlidi. Şu ýylyň iýun aýynda geçirilen ses berlişikde Maldiwleriň daşary işler ministri bu wezipä saýlandy. Maldiwler Respublikasy Şahidiň dalaşgärligini 2018-nji ýylyň dekabrynda mälim edipdi.