Hytaýyň elektron söwda bilen meşgullanýan «Alibaba» kompaniýasy şäher içinde sürmäge niýetlenen özbaşdak hereket edýän ulaglary işläp taýýarlaýan «DeepRoute.AI» atly kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi. 300 million dollarlyk ylalaşygyň çäklerinde robotaksi diýlip atlandyrylýan, awtomatlaşdyrylan ulgamda hereket edýän ulaglara degişli tehnologiýa işlenip düzüler.
Şu ýylyň iýun aýynda «Alibaba» kompaniýasynyň tehnologiýalara jogapkär ýolbaşçysy Çeng Li sürüjisiz ulaglary öndürmäge maýa goýjakdygyny mälim edipdi. Bu ulaglar ýolagçy däl-de, ýük daşamaga niýetlenen ulaglar bolar.
Häzirki wagtda «Alibaba» sürüjisiz ulaglary işläp taýýarlaýan «AutoX» atly başga bir kompaniýa bilen hem hyzmatdaşlyk edýär. Soňky ýyllarda «Ford», «Tesla», «Baidu» we «Didi» ýaly dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalar hem sürüjisiz tehnologiýalaryň üstünde işleýärler.
Ymam Nazarow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
mugallymy.