Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işleriň esasynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ykdysadyýetimiziň aýry-aýry pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Muňa ýurdumyzyň ykdysadyýetinde şu ýylyň sekiz aýynda gazanylan üstünlikler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterim derejede saklanyp galmagy milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda kabul edilýän ykdysady maksatnamalaryň aýdyň netijesidir.
Eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde iri senagat we durmuş desgalarynyň gurluşygy dowam edýär. Bu desgalaryň hatarynda täze şäherçelerdir ýaşaýyş jaýlaryny, dynç alyş we sagaldyş merkezlerini, mekdeplerdir çagalar baglaryny hem-de ençeme beýleki desgalary görkezmek bolar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda 30 sany iri desganyň ýerine 56 sany desganyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly ýurtdugyny äşgär edýär. Şeýle hem ýylyň ahyryna çenli ýene-de ençeme desganyň ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda bazar ykdysadyýetine geçmegi çaltlandyrmak maksady bilen kabul edilen möhüm maksatnamalar hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.
Ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda, milli eksport kuwwatlylygyny artdyrmakda hususy pudagyň orny hem uludyr. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen hususy pudagyň ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki ornuny has-da berkitmek maksady bilen uly mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda işewürligiň ösdürilmegini nazarlaýan «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» netijeli amala aşyrylmagy ugrunda tagalla edilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli telekeçilik pudagynyň toplumlaýyn ösdürilmegi netijesinde ýurdumyzyň «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine itergi berýändigi bellenilmäge mynasyp. Munuň özi milli önümçiligi ýola goýmaga gönükdirilen ýerli öndürijileriň goraglylygynyň, döwlet tarapyndan berilýän goldawyň üpjün edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Milli ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini ösdürmek, ýurdumyzda öndürilen harytlaryň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmek, ykdysadyýetde bäsdeşlige ukyply işewürlik gurşawyny we maýa goýum ýagdaýyny döretmek ugrunda giň tagallalar edilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ençeme ýurdy bilen daşary söwda hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksportunyň möçberiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ugrunda uly işler edilýär. Diýarymyzda öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmak maksady bilen, esasy hyzmatdaş ýurtlarda Türkmenistanyň söwda öýleri döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň söwda öýleri Russiýa Federasiýasynda, Belarus Respublikasynda, Türkiýe Respublikasynda, Gyrgyz Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde we beýleki ýurtlarda hereket edip, ýurdumyzda öndürilýän önümler daşary ýurtlarda, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalarda ýerlenilýär.
Leýla ERGEŞOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň
uly mugallymy.