Mag­tym­gu­ly­nyň goş­gu­la­ryn­da be­ýan edil­ýän guş­lar ba­har çag­la­ry Et­rek, Gür­gen se­bit­le­rin­de, Kö­pet­dag­da hä­zi­rem saý­ra­ýar­lar. Ola­ryň bi­ri 1873-nji ýyl­da yl­my taý­dan ýa­zylyp be­ýan edi­len we XIV asy­ryň şa­hy­ry Ha­fyz Şi­ra­zy­nyň hor­ma­ty­na Ha­fy­zyň bil­bi­li di­ýlip at­lan­dy­ry­lan gör­nüş­dir. Bu bil­bil guş­la­ryň Türk­me­nis­tan­da ýa­şa­ýan 436 gör­nü­şi­niň bi­ri­dir. Onuň yl­my ady – «Luscinia me­gar­hynchos ha­fi­zi» (Severt­zov, 1873), Tür­küs­tan gü­nor­ta bil­bi­li. Il­ki ga­ra­nyň­da ça­la gö­ze il­ýän, ta­pa­wut­la­nyp du­ran sy­rat­syz bu guş ser­çe şe­kil­li­ler to­pa­ry­nyň jok­jo­ky­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lup, ga­ba­ra­sy­na gö­rä ser­çe­den uly däl, ýo­kar­sy çy­par-go­ňur, çy­par guý­ruk­ly we aşa­gy açyk reňk­li. Ol Gün­ba­tar we Gü­nor­ta Ýew­ro­pa­nyň, Or­ta­ýer deň­zi bas­seý­ni­niň, Ki­çi we Alyn­ky Azi­ýa­nyň, Türk­me­nis­ta­ny hem goş­mak bi­len, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň çäk­le­rin­de hö­würt­ge­le­ýär. Aw­gust-sent­ýabr aý­la­ryn­da gü­nor­ta ýurt­la­ra – Mer­ke­zi Af­ri­ka we Gü­nor­ta Ara­bys­ta­na uçup gid­ýär­ler.
Bi­ziň ýur­du­myz­da Ha­fy­zyň bil­bi­li dag we der­ýa jül­ge­le­rin­de hem-de şä­her bag­la­ry­ny we se­ýil­gäh­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan oa­zis­ler­de ýa­şa­ýar­lar. Ap­re­liň ba­şyn­da, agaçlar pyntyklap baş­lan­da, ül­kä­mi­ze – Kö­pet­da­gyň de­re­le­ri­ne uçup gel­ýär­ler. Bil­bil­ler ýer­de ot­dan we top­rak­dan dür­li mör-mö­jek­le­ri – tom­zak­la­ry, ga­ryn­ja­la­ry, ke­be­lek gur­çuk­la­ry­ny, ýas­myk­la­ry tutup iý­mit­len­ýär­ler, ow­nuk mi­we­dir iý­miş­le­ri hem iýip bil­ýär­ler. Ýyl­da bir sa­par kö­pel­ýär­ler, il­kin­ji hö­würt­gesi bozu­lan ýag­da­ýyn­da bol­sa, ikin­ji­ni tä­ze­den edin­meli bol­ýar­lar.
Bilbiller ýaz­da, uçup ge­le­nin­den soň, he­mi­şe­ki ýa­ly, agaç­la­ryň üs­tün­de sä­her ça­gy, ag­şam­la­ry­na we bü­tin gi­jä­niň do­wa­myn­da güýç­li saý­ra­ýar­lar. Iş­jeň saý­ra­ma döw­ri, mä­ki­ýan­lar hö­würt­ge gu­rup, ýu­murt­ga­la­ry­ny ba­sýan döwri, ap­re­liň ba­şy­na çen­li do­wam ed­ýär we jüý­je­ler iý­mit­len­di­ri­lip baş­la­ny­lan pur­sat­ynda gu­tar­ýar. Hö­würt­ge gy­rym­sy agaç­la­ryň aşa­ky bö­le­gin­de, kä­te ýer­de ýap­rak­la­ryň ara­syn­da ýa­şy­ryn ýa­sal­ýar.
Te­bi­gat­da bil­bi­liň ýa­şaý­şy 8-10 ýyl do­wam ed­ýär, kä­bir­le­ri bol­sa 12 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar­lar. Men bu gu­şy ga­ty go­wy «ta­na­ýa­ryn», se­bä­bi me­niň 1970-nji ýyl­lar­da, hä­zir Mag­tym­gu­ly­nyň ady­ny gö­ter­ýän Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň bio­lo­gi­ýa fa­kul­te­ti­niň ta­ly­by­kam ýe­ri­ne ýe­ti­ren dip­lom işim Ha­fy­zyň bil­bi­li­niň ýaşaýan gurşawy­nyň öw­re­nil­me­gi­ne ba­gyş­la­nyp­dy.
Hem­me ýer­de bil­bil ze­hi­niň we aý­dym-sazyň ala­ma­ty, sim­wo­ly bol­sa ge­rek. Sun­gat äle­mi­niň uly aky­my bo­lan ala­mat­la­ry ede­bi tär hök­mün­de ulan­ýan sim­wo­lizm bil­bi­liň saý­ra­ma­gy­nyň aja­ýyp­ly­gy­na esas­la­n­ýar. Dog­ru­dan-da, bil­biller deň­siz-taý­syz saý­rak guşlaryň biri bolup, onuň «aý­dym­la­ry» örän tä­sir­li, be­lent ýaň­la­nyp, açyk du­ýul­ýan, dur­mu­şy yk­rar ed­ýän dö­re­di­ji­lik­li te­bi­gy ha­dy­sa­dyr.
Bil­bi­liň saý­raý­şy­ny gö­zel te­bi­gat­da diň­le­mek edil Mag­tym­gu­ly­nyň şy­gyrlaryny Ger­ke­ziň sal­kyn ho­wa­ly de­re­le­rin­de diň­le­mek ýa­ly lez­zet­li­dir. Bil­bi­liň saý­ra­ma­gy hiç bir za­da meň­ze­me­ýär, ony se­niň duý­gy­ňa ed­ýän tä­si­ri­niň oňaý­ly­ly­gy­na gö­rä, hiç zat bi­len ça­lyş­mak müm­kin däl, söz bi­len be­ýan eder ýa­ly däl.
Bil­bi­liň sesini eşit­mek go­wu­ly­gyň ny­şa­ny, bag­ty­ýar­ly­gyň buş­luk­çy­sy ha­sap­la­n­ýar. Mag­tym­gu­ly­nyň we Gün­do­ga­ryň beý­le­ki aja­ýyp, gör­nük­li şa­hyr­la­ry­nyň duý­gur dö­re­di­ji­lik gy­lyk-hä­si­ýe­ti­ni, uky­by­ny bil­bil­le­riň tol­gun­dy­ryp, joş­du­ryp ruh­lan­dyr­ýan­dy­gy ýö­ne ýer­den däl­dir. Bil­biller güý­züň ba­şyn­da amat­syz so­wuk möw­sü­m­de ma­ýyl ýer­ler­de bol­mak, Kö­pet­da­gyň mä­hir­li de­re­le­ri­ne ýene-de gaý­dyp gelmek üçin edil be­ýik Py­ra­gy­nyň döw­rün­dä­ki ýa­ly, öz­le­ri­niň haý­ran gal­dy­ryjy şirin owaz­la­ry bi­len uzak ül­ke­le­re uçup gid­ýär­ler.

El­dar Rus­ta­mow,
pro­fes­sor-or­ni­to­log.