BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasy 14-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda resmi taýdan öz işine başlady we 21-27-nji sentýabr aralygynda ýokary derejeli hepdelik bilen jemlener. Geçen ýyl koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly çäklendirmeleriň girizilmegi sebäpli ýubileý sessiýasynyň açylyşy wirtual tertibe geçirildi. Onlaýn we oflaýn görnüşde geçirilýän bu çärede köp sanly Prezidentler we hökümet baştutanlary çykyş ederler. Şeýlelikde, geçen ýyl bolşy ýaly bu ýyl hem dünýä liderleriniň köpüsi Nýu-Ýorka baryp bilmedi. Maglumatlara görä, ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden hem-de BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş Baş Assambleýanyň münberinden çykyş eder.
Şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň başlygy Maldiwleriň daşary işler ministri Abdulla Şahid boldy. Abdulla Şahid 75-nji mejlisiň işine ýolbaşçylyk eden türk diplomaty Wolkan Bozkyryň ornuny tutar.
Bütindünýä guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşine bolsa Irlandiýa ýolbaşçylyk edýär. Bu ýyl esasy tema Owganystandaky ýagdaýlara bagyşlanar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdeligine döwlet ýolbaşçylarynyň 83-siniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň başlygy Wolkan Bozkyr habar berdi.
– Şu wagta çenli döwlet baştutanlarynyň 83-isiniň sessiýanyň işine gatnaşmak isleýändigi, 26 lideriň bolsa, ýazgy arkaly çykyş etmekçidigi belli boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdeliginiň çärelerine hökümet baştutanlarynyň 43-si hem-de wise-premýerleriň 3-isi gatnaşar, hökümet baştutanlarynyň 12-si ýazgy edilen çykyşyny ugradar, 23 ýurduň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlarynyň özi çykyş eder – diýip, Wolkan Bozkyr belledi.
Deslapky maksatnama laýyklykda, Braziliýa, Wenesuela, Gyrgyzystan, Liwan, Moldowa, Palestina, Polşa, ABŞ, Türkiýe, Ukraina, Fransiýa we Estoniýa ýaly birnäçe ýurduň Prezidentleri 76-njy mejlisde çykyş ederler. Mundan başga-da, Ermenistan, Beýik Britaniýa, Gaiti, Gruziýa, Ysraýyl, Italiýa, Kanada, Pakistan we Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň çykyş etmegine garaşylýar.
Türkmenistanyň
ileri tutýan ugurlary
Iri halkara guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän ýurdumyz mundan ozal hem birnäçe teklipleri hödürläp, olar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldaw tapdy. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda hem täze tekliplerini hödürlär. Ylmy diplomatiýa ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, pnewmoniýa bilen göreşde BSGG-niň köptaraplaýyn mehanizmini ýola goýmak, koronawirus ýokançlygynyň genlerini öwrenmek üçin BSGG-niň ýörite maksatnamasyny işläp düzmek, BSGG-niň bejeriş usulyýet merkezini döretmek we ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak, şeýle hem Merkezi Aziýada epidemiologiýa, wirus we bakteriologiýa merkezini döretmek şol teklipleriň käbiridir.
Mundan başga-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, terrorçylyga garşy göreş, energiýa çeşmelerine ählumumy elýeterliligi, pes uglerodly energetikany ösdürmegiň strategiýasy, Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmek we beýleki ugurlarda birnäçe başlangyçlaryny beýan eder.
Halkara sammitini geçirmekçi
ABŞ-nyň hökümeti sentýabr aýynda halkara pandemiýa bilen göreş we global sanjym meseleleri boýunça halkara sammitini geçirmegi maksat edinýär. Waşington bu ýygnagy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäginde sentýabr aýynyň ahyrynda geçirmegi meýilleşdirýär. ABŞ beýleki ýurtlar bilen dünýädäki koronawirusa garşy göreşiň utgaşdyrylyşyny nädip gowulandyrmalydygyny ara alyp maslahatlaşmagy niýet edinýär. Waşington bu ýygnakda ösýän ýurtlarda sanjym üpjünçiligini giňeltmek, bu dermanlaryň önümçiligini gowulandyrmagyň ýollary, kesel bilen baglanyşykly barlaglarda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak mümkinçiligini çözmekçi. Bu sammitiň 22-nji sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Parahatçylyk we howpsuzlyk
sammiti geçiriler
BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde parahatçylyk we global howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli sammitiň täze meýilnamasyny işläp düzmäge çagyrdy.
– Pandemiýa we howanyň çalt üýtgemegi bilen bagly dünýä abanýan howpy äsgermezlik edip bolmaz. Ähli ugurlarda batyrgaý özgeriş syýasatlarynyň täze eýýamyna başlamaly. Biz geljekde saglyk, maliýe, howa şertlerinde ýüze çykjak çökgünliklere garşy durmagyň hötdesinden gelmeli. Ýokary derejeli sammitde meseleleriň giň toplumyny çözmek üçin tagallalarymyzy birleşdirmeli. Bu sammit geljegimiziň nähili bolmalydygy we ony nädip gorap başarjakdygymyz barada täze global ylalaşygy döretmegi maksat edinýär – diýip, Guterreş belledi.
Onuň sözlerine görä, ýokary derejeli sammit global howpsuzlygy has giňişleýin we bitewi garaýşy göz öňünde tutup, parahatçylygyň hatyrasyna täze gün tertibini öz içine almalydyr.