Her ýurduň baýdagynda ulanylýan nyşanlar, reňkler şol ýurduň taryhyny, medeni gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny aňladýar. Bular barada bilmek gyzykly bolsa gerek! Geliň, käbir ýurtlaryň baýdaklary baradaky gysgaça maglumatlara göz gezdireliň!
Andorra. Ýewropanyň iň kiçi ýurtlaryndan biri bolan Andorranyň baýdagy 1993-nji ýylda kabul edildi. Gök, sary we gyzyl reňklerden emele gelen baýdagyň merkezinde gerb ýerleşdirilen. Fransiýa bilen Ispaniýanyň arasynda ýerleşýän Andorra asyrlarboýy bu iki ýurt tarapyndan dolandyrylypdyr. Şol sebäpli Andorrada bu iki ýurduň täsiri uly. Gök we gyzyl reňk Fransiýanyň, sary reňk bolsa Ispaniýanyň baýdagyndan alnan. Merkezde ýerleşýän gerb ýurduň garaşsyzlygyny alamatlandyrýar we taryhy nyşanlaryny öz içine alýar.
Belarus. Ýurduň döwlet baýdagy 1995-nji ýylyň 7-nji iýunynda kabul edilip, iki gorizontal zolakdan ybarat gönüburçlyk görnüşdedir. Onuň beýikliginiň üçden iki bölegi gyzyl, galan bölegi bolsa ýaşyl reňkdedir. Gyzyl reňk garaşsyzlygy, ýaşyl reňk ýurduň tebigatyny alamatlandyrýar. Baýdagyň çep tarapy nagyşlar bilen bezelipdir. «Ruşnik» atly bu nagyş esasan belarus halylarynda gabat gelýär. Bu nagyş başga-da birnäçe bezegde giňden ulanylýar. Baýdagyň ululygy 1×2 ölçeginde bolup, dokuzdan bir bölegini «Ruşnik» eýeleýär.
Ýaponiýa. «Günüň dogýan ýurdunyň» baýdagy ak düşekden we merkezinde ýerleşdirilen tegelek gyzyl nyşandan ybarat. Ýapon ynanjyna görä, Gün hudaýy Amaterasu b.e.öňki VII asyrda Ýaponiýany döredipdir. Däp-dessurlaryna ygrarly bolan Ýaponiýanyň halky häzirki wagtda-da hökümdarlaryna «Günüň ogly» diýip ýüzlenýär. Şol sebäpli Ýaponiýa «Günüň dogýan ýeri» diýilýär. Gyzyl reňkli tegelek aňlatma hem şu ynamdan gelip çykýar. Günüň sary reňkde görkezilmändiginiň bir sebäbi bar – ýaponlar grafiki dizaýnlarda gapma-garşylykly reňkler bilen sadalygy öňe sürýär. Ýurduň 1870-nji ýylda kabul edilen milli baýdagy Nisşoki diýlip atlandyrylsa-da, halk arasynda bu baýdak Hinomaru ady bilen tanalýar.
Gyrgyzystan. Gyrgyzystan diýlende ilki bilen göz öňüňe gelýän zatlaryň biri «Manas» eposydyr. Epos XVIII asyra degişli hasaplansa-da, gyrgyz halky onuň öz gözbaşyny has irki epiki şygyrdan alýandygyny aýdýar. Ýurduň taryhynda we medeniýetinde möhüm ähmiýete eýe bolan «Manas» eposynyň täsiri bu halkyň baýdagynda-da görünýär. Baýdagyň gyzyl böleginiň eseriň baş gahrymany Manasyň al-asmana göteren baýdagynyň reňkinden gelip çykýandygy aýdylýar. Merkezindäki Günden çykýan 40 şöhle Manasa we onuň birleşen taýpalaryna eýeren adamlary aňladýar. Günüň içindäki üç çyzykly atanak şekil adaty gyrgyz öýleriniň şekilidir.
Müsür. Ýurduň baýdagy birinjisi gyzyl, ikinjisi ak, üçünjisi gara reňkli bolan zolaklardan we üçlügiň merkezinde ýerleşýän altyn reňkli bürgüdiň şekilinden ybarat. 1984-nji ýylda resmi taýdan kabul edilen baýdagyň merkezinde ýerleşýän bürgüt, taryh kitaplaryndan belli bolşy ýaly, XII asyrda Müsüri, Siriýany, Ýemeni we Palestinany dolandyran Müsür soltany Salah ad-Diniň (1171-1193) nyşanydyr. Diňe at-abraý we üstünlik gazanan Salah ad-Diniň ähmiýeti göz öňünde tutulyp, onuň hormatyna bu şekil ýerleşdirilipdir.
ABŞ. ABŞ-nyň resmi baýdagy 13 sany deň gyzyl we ak reňkli zolakdan ybarat bolup, ýokarsynyň çep tarapynda gök reňkli inedördül meýdan bar. Onuň içindäki 50 sany ýyldyz ABŞ-nyň 50 ştatyny alamatlandyrýar. Gyzyl we ak zolaklary garaşsyzlygyny yglan eden 13 sany iňlis koloniýasyny görkezýär. Ýeri gelende bellesek, baýdak başgaça «ýyldyzlar we zolaklar» (Stars and stripes), «Gadymy şöhrat» (Old Glory), «Ýyldyz ýaýylan banner» (Star-Spangled Banner) atlary bilen tanalýar. Döwlet ilkinji resmi baýdagyny – Beýik Birleşigiň baýdagyny (Grand Union Flag) 1775-nji ýylyň 3-nji dekabrynda kabul etdi. 1777-nji ýylyň 14-nji iýunynda 13 ýyldyzly baýdagyny, iň soňky gezek bolsa 1960-njy ýylyň 4-nji iýulynda 17 ýaşly amerikan ýaşaýjysy Robert G.Heft tarapyndan dizaýn edilen häzirki 50 ýyldyzly baýdagyny kabul etdi.