Milletara gatnaşyklaryň ösen döwründe dil öwrenmegiň ähmiýeti barha artýar. Internet aragatnaşygynyň ösmegi, dünýäniň globallaşmagy dil öwrenmegiň zerurlygyny ýüze çykarýar. Şeýle bolansoň, köp adam ikinji, üçünji dili öwrenmegiň aladasyny edýär. Munuň üçin köp adam ýörite okuwlara gatnaýar, kitap okaýar, aýdym diňleýär. Köp ýyldan bäri bolsa, başga bir dili gysga wagtda öwrenmegiň ýollary gözlenýär, täze teklipler orta atylýar. Olaryň arasyna täzeleri goşulýan hem bolsa, käbir zatlar hiç haçan üýtgemeýär. Alymlar dil öwrenmegiň iň aňsat usullaryny taýýarlapdyrlar.
Gepleşiň, gepleşiň, gepleşiň! Täze öwrenen sözleriňizden sözlem düzmäge çalşyň! Olaryň gündelik durmuşda nähili ulanylýandygyny öwreniň! Şeýle ýagdaýda öwrenilende ol asla ýadyňyzdan çykmaz. Mümkin bolsa, şol dili bilýän biri bilen söhbetdeş boluň! Bu size ýalňyşýan ýerleriňizi düzeltmäge mümkinçilik berer. Bu ýagdaýda sözlükden peýdalanmagy we bellik etmegi unutmaň! Bilermenler bir sagat gepleşmegiň 10 sagat kitap okamak ýaly täsirlidigini belleýärler. Öwrenen zadyňyzyň gündelik durmuşda peýdalydygyna göz ýetirmek sizde dil öwrenmäge bolan höwesi artdyrar. Gepleşmegiň has täsirli bolmagynyň ýene bir sebäbi, söhbetdeşligiň arasyna duýgularyň hem goşulmagy bilen baglydyr.
Yzygiderli öwrenmek has peýdaly. Mysal üçin, iki hepdeläp her günde dört sagat dil öwrenmek, iki aýyň dowamynda her günde bir sagat okanyňdan has gowudyr. Hepdäniň dowamynda 3-4 sagat okalanda, onuň arasy üzülip, ýatdan çykýar. Şonuň üçin hepdelik öwrenilen temalaryň üstüni gaýtalamak, goşmaça okamak bilen üstüni ýetirip durmaly. Dil öwrenmek köp gaýtalamagy, tejribäni we höwesi talap edýär.
100 söz öwreniň! Iň köp ulanýan sözleriňiziň sanawyny taýýarlaň! Soňra bu sözleri ulanmak arkaly birnäçe sözlem düzüň! Haýsy sözüň nähili manyda ulanylýandygyny öwreniň!
Sözlük göteriň! Jübi sözlügi ýa-da telefonlara niýetlenen sözlükler hemişe ýanyňyzda bolsun! Bu size uly goldaw bolar. Birden köp dil öwrenýän bolsaňyz, şol iki dildäki sözlükden peýdalanyň! Diňe sözleri däl, sözlemleri hem terjime edýän programmalardan peýdalanyň!
Özüňiz bilen gepleşiň! Her adamyň içgepletmesi bolýandyr. Oňa oýlanmak diýilse hem ýalňyş bolmaz. Içgepletmeleriňiz, pikirleriňiz hem öwrenmek isleýän diliňizde bolsun!
Ýalňyşlygy kabul ediň! Sözler sözlem içinde dürli manylarda gelip bilýär. Şol sebäpli öwrenen sözleriňizi sözlem içinde ulananyňyzda ýalňyşmagyňyz mümkin. Mundan gorkmaň! Şol dili bilýän adam bilen gepleşeniňizde, özüňizi rahat alyp baryň we ýalňyşýan ýeriňizi düzeltmegini haýyş ediň!
Merjen Şajykowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.