«Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Saglyk» derman kärhanasynda buýan kökünden gerdejik görnüşli täze dermanyň önümçilige ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň buýanyň dermanlyk häsiýetlerini düýpli öwrenmek we çig malyny öndürmegiň mukdaryny ýokarlandyrmak, innowasion tehnologiýalar arkaly özleşdirilmegini ýola goýmak we onuň daşary ýurtlara eksport edilmegini artdyrmak babatda degişli ýolbaşçylara beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Essen uniwersitetiniň barlaghanasynyň arasynda gol çekilen ylalaşyk esasynda, ylmy-barlag işleri dowam edip, buýan köküniň dermanlyk häsiýetlerini öwrenmegiň tejribesi barha kämilleşdirilýär. Netijede, ondan taýýarlanylan täze dermanlyk serişde önümçilige girizildi. Buýanyň keselleri bejermekde, kesele garşy durnuklylygy ýokarlandyrmakda, saglygy dikeltmekde oňaýly täsirleri bar.
Buýan köki ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mal bolup, ol C witaminine we efir ýagyna baýdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda buýan köküniň toşaby, süýri dänesi, melhem çaýlary öndürilýär. Lukmanlar keselleriň öňüni almakda, bejermekde we saglygy dikeltmekde bu melhemleri ulanmagy maslahat berýärler.
«Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Saglyk» derman kärhanasy hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işine esaslanyp, 150-ä golaý derman serişdelerini öndürýär.