Filippinleriň dünýä belli boksçusy Menni Pakiýao ýurdunyň Prezidenti wezipesine dalaşgär boljakdygyny habar berdi. 8 dürli agram derejesinde çempionlyk gazanan ýeke-täk boksçy hökmünde ykrar edilýän 42 ýaşyndaky Pakiýao ýurdunyň sagçy partiýalarynyň biri bolan PDP-Laban partiýasynyň wekili hökmünde prezidentlik wezipesine dalaş eder. Ýeri gelende aýtsak, Pakiýao 2016-njy ýyldan bäri senator bolup işleýär.

Boks karýerasy boýunça 72 tutluşyk geçiren Pakiýao şolaryň 62-sinde ýeňiş gazanypdy. Soňky gezek 22-nji awgustda ringe çykan Pakiýao belli bir döwürde professional derejede basketbol hem oýnady.

Häzirki wagtda Filippinler döwletiniň Prezidenti Rodrigo Duerte bolup, ol 2016-njy ýylda saýlanypdy. Filippinlerde indiki Prezident saýlawlary 2022-nji ýylyň 9-njy maýynda geçiriler.