“ABŞ köptaraplaýyn hereketlere bil baglap, global wehimlere garşy göreşde öňdäki hatarda bolar”. Jo Baýden şeýle çykyş bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisine gatnaşyjylara ABŞ-nyň Prezidenti hökmünde ilkinji gezek ýüzlendi.

-Amerikanyň Birleşen Ştatlary umumy kynçylyklara parahatçylykly çözgüt agtarýan ähli ýurtlar bilen bilelikde işleşmäge taýýardyr. Hatda, käbir meseleler boýunça pikirlerimiz çapraz gelýän hem bolsa, koronawirus pandemiýasy, howanyň üýtgemegi, ýadro ýaraglarynyň ýaýramagy ýaly gyssagly çözülmeli howplara garşy göreşmekde tagallalarymyzy biirkdirmeli. Biz tagallalarymyzy birikdirip bilmedik halatymyzda, ählimiz ejir çekeris. Biz bilelikde has gowy gelejegi gurarys – ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden belledi.

Baş sekretardan soň çykyş eden amerikan lideri, öz ýurdunyň görelde bolmaga, saglyk, howa, howpsuzlyk we adam hukuklary meselelerinde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birikdirmäge taýýardygyny tassyklady.