Özbegistan “Dünýä ýygyndysynda Özbegistanyň medeni mirasy” atly ägirt uly taslamasyny ösdürmegi dowam etdirýär. Ýurduň çäginde dürli döwürlerde döredilen gymmatly golýazmalar bilermenleriň we halk köpçüliginiň ygtyýaryna bermek maksat edinilýär. Golýazmalaryň ýokary hilli faksimil nusgalary kitap albomlary görnüşinde çap edilýär.
13-21-nji sentýabr aralygynda Hywa şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – dünýä siwilizasiýalarynyň çatrygynda” atly halkara medeni foruma, dünýäniň dürli künjeklerinden 350 töweregi alym gatnaşdy. Forumda taslamanyň soňky neşiri – X asyryň astronomy we matematigi Abdurrahman al-Sufiniň “Durgun ýyldyzlar kitaby” hödürlendi. Fransiýanyň Milli kitaphanasynda saklanýan bu eser görnükli astronom we matematik bolan Timurid döwletiniň hökümdary Ulugbekiň buýrugy bilen XV asyrda ýazylypdyr. Golýazmada Ulugbekiň eli bilen ýazylan bellikler bar.
Bu gadymy golýazma, arap astronomiki däpleriniň gadymydygynyň hem-de Yslamyň altyn asyrynyň ylmy gazananlarynyň aýdyň mysalydyr.
Sungatyň we ylymyň ajaýyp utgaşmasy
Golýazma Merkezi Aziýa sungatynyň hakyky eseridir. Onda ýyldyzlary şekillendirýän 74 sany ajaýyp miniatýura bolup, iň gadymy astronomiki kitaplaryň biridir. Kitapda soltanyň özi Sefus ýyldyzlar topary hökmünde şekillendirilýär.
Eser diňe bir edebi gymmatlyga eýe bolman, eýsem, ylmy ähmiýete hem eýedir. Kitapda gadymy grek astronomiýasynyň ýörelgelerine esaslanýan 48 ýyldyzlar toplumy ýa-da durgun ýyldyzlar şekilelndirilýär. Eser orta asyr arap astronomik bilimlerini we nazaryýetlerini ýüze çykaran ilkinji resaladyr.
Abdurrahman al-Sufiden (903-986) ozal, ähli astronomiki bilimler aleksandriýaly alym Klawdiý Ptolemeýiň (100-160) “Almagest” eserine esaslanýardy. As-Sufi astronomiýanyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly üns berip, Ptolemeýiň işine täzeden garap, kämilleşdirenleriň biridir.