Güýz möwsüminiň gelmegi bilen howa sowaýar. Senenama görä bu pasyl 1-nji sentýabrda başlanýan hem bolsa, meteorologiýa ylmynda güýz adatça 23-nji sentýabrda başlanýar. Bu diňe güýz däl, ähli pasyllar üçin hem şeýledir. Senenama görä pasyllar Ýeriň öz okunyň daşyndan hem-de Günüň daşyndan aýlanmagy bilen kesgitlenýär. Ikinjisi bolsa günleriň uzalyp gysgalmagy bilen baglydyr. Güýz pasly Demirgazyk ýarym şarda sentýabr, oktýabr we noýabr aýlaryny öz içine alýar. Günorta ýarym şarda bolsa mart, aprel we maý aýlary güýz hasaplanýar. 23-nji sentýabryň (käbir ýyllarda 22-si) güýzüň ilkinji güni hasaplanmagynyň sebäbi bu gün Gün şöhlesi Ekwatora 90 dereje, ýagny dik düşýär. Şeýlelikde günortan çagy ekwator guşaklygyndaky ýerlerde kölegäniň uzynlygy nola deň bolýar. Bu seneden başlap Gün şöhleleri Günorta ýarym şara perpendikulýar bolup başlaýar. Netijede, Demirgazyk ýarym şarda gündiz gysgalyp, gije uzalyp başlaýar. Günorta ýarym şarda tersine bolýar. Bu sene Demirgazyk ýarym şarda güýzüň we Günorta ýarym şarda baharyň başlangyjy hasaplanýar.
Güýz pasly 21-nji dekabra çenli dowam edýär. Şol günden başlap, gije gysgalyp başlaýar. Bu ýagdaý ýazyň başlangyjy hasaplanýan 21-nji marta çenli dowam edýär. Ekwator guşaklygyndan demirgazyga gidildigisaýyn gijeler has uzyn bolýar. Senenama görä, gyş pasly 1-nji dekabrda başlanýan hem bolsa, ylmy taýdan gyşyň başlanýan güni 21-nji dekabr hasaplanýar.
Ýeriň Günüň daşyndan aýlanmagyna, Ýere Günüň şöhlesiniň düşüş dikligine baglylykda ýylyň dowamynda dört sany esasy gün bar. Bu günler pasyllaryň çalyşýan günleri hasaplanýar. 21-nji mart hem-de 23-nji sentýabr gije bilen gündiziň deňleşýän günleridir. 21-nji dekabr iň uzyn gije, iň gysga gündiz hasaplanýar. 21-nji iýun bolsa, iň uzyn gün, iň gysga gije bolýar.
Pasyllaryň emele gelmegi bilen bagly käbir maglumatlar:
Gije bilen gündiz ýylyň dowamynda iki gezek deňleşýär – 21-nji martda hem-de 23-nji sentýabrda (käbir ýyllarda 22-sine).
21-nji martdan soňra gije gysgalyp, gündiz uzalyp başlaýar.
23-nji sentýabrdan soňra gündiz gysgalyp başlaýar.
21-nji iýun: iň uzyn gün, iň gysga gije. Bu seneden soňra gündiz gysgalyp, gije uzap başlaýar. Demirgazyk polýusda Gün batmaýar, Günorta polýusda Gün dogmaýar.
21-nji dekabr: Iň uzyn gije, iň gysga gündiz. Bu seneden soňra gije gysgalyp, gündiz uzalyp başlaýar.
Ýer gyşyna Güne golaýlaşýar, tomsuna daşlaşýar.
3-4-nji ýanwar: Ýeriň Güne iň ýakyn wagty.
4-5-nji iýul: Ýeriň Günden iň uzak wagty.