Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny toýlaýan eziz Watanymyz Türkmenistan halkara neşirleriň ünsüni özüne çekýär. Bu şanly sene mynasybetli Diýarymyzda we daşary ýurtlarda dürli çärelerdir dabaralar geçirilýär hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan, owadan bezelen ýörite neşirler çap edilýär.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkiýe Respublikasynda “Yerli düşünce” we “Istanbool Today”, Awstriýa Respublikasynda “Galkynysh”, Hindistanda “Business Central Asia” hem-de Pakistanda “The Diplomatic Insight” žurnallarynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýörite sanlar neşir edildi.

Bu neşirlerde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň taryhy, syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş we hukuk ulgamynda, ylymda, medeniýetde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmeginiň geljegi, sebitiň döwletleriniň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylyşy baradaky makalalar çap edildi.

Şeýle hem žurnallaryň sahypalarynda paýtagtymyz Aşgabadyň maý aýynda bellenip geçilen 140 ýyllygyna bagyşlanan makalalar ýerleşdirildi.

Bu neşirlerde ýerleşdirilen makalalaryň awtorlary, hususan-da, görnükli syýasatçylar, ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we mugallymlary, öňdebaryjy metbugat neşirleriniň ýolbaşçylary türkmen Bitaraplygynyň aýratynlygy, sebitde durnuklylygy saklamakda eýeleýän orny barada gürrüň berýärler.

Mundan başga-da, žurnallaryň sahypalarynda milli parlamentiň iki palataly görnüşe geçmegi bilen baglylykda, ýurdumyzda bolup geçen ähmiýetli durmuş-syýasy wakalar baradaky teswirlere we maglumatlara hem aýratyn orun berilýär.

Meşhur daşary ýurt neşirleriniň ýörite sanlarynyň çap edilmegi halkara bileleşigiň Türkmenistana uly mümkinçiliklere, baý serişde hem-de ykdysady gorlara, şeýle hem täsin taryhy-medeni mirasa eýe bolan ýurt hökmündäki barha artýan gyzyklanmasynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.