Häzirki wagtda bütin dünýäde “Covid 19”-a garşy sanjym edilmegi dowam edýär. Bu ýokanjyň öňüni almak maksady bilen diňe sanjym däl, kesele ýoluganlar bejergi edýän dermanlar hem işlenip taýýarlanýar. ABŞ-ly hünärmenler bolsa, bu ýokanja garşy bedeniň goraglylygyny güýçlendirýän gök önüm sortuny döretmegiň aladasyny edýär. Bir ýerden başga bir ýere äkitmek, öz mellegiňde ösdürip ýetişdirmek aňsat bolandygy üçin täze ösümlikleriň bu ýokanç bilen göreşmekde ähmiýetli boljakdygy bellenilýär.
ABŞ-nyň Riwersaýddaky Kaliforniýa uniwersitetiniň hünärmenleri “Pfizer-BioNTech” hem-de “Moderna” kompaniýalarynyň koronawirusyna garşy sanjymyny taýýarlamakda ulanylan tehnologiýa bilen bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýär.
Hünärmenler bu ekiniň hasylynda iýen adamlarda sanjym alan adamlardaky ýaly wirusa garşy immunitetiň dörejekdigini belleýärler. Hünärmenler bu usuly beýleki ýokanç keselleriň öňüni almak üçin hem ulanmagy maksat edinýärler.
Ylmy-barlag merkeziniň Botanika we ösümlik bilimleri bölüminiň hünärmeni Huan Pablo Giraldo bir sany ösümligiň bir adamda sanjym alandaky ýaly täsiri döretjekdigini, muny häzirki wagtda ysmanak we işdäaçar ýapragynda synagdan geçirýändiklerini belleýär. Hünärmen şeýle ösümlikleri adamlaryň öz melleklerinde ösdürip ýetişdirmeklerini ýola goýmak üçin uzakmöhletleýin işleri alyp barýandyklaryny aýdýar. Giraldonyň aýtmagyna görä, daýhanlar hem öz ýerlerinde bu ekinleri ekip bilerler.