Elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulaglar, uçarlar we gämiler eýýäm birnäçe ýyldan bäri işlenip taýýarlanýar we kämilleşdirilýär. Indi bolsa, dolulygyna elektrik energiýasy bilen ýük ulagy işlenip düzüldi. “FLCdrive” atly otlynyň 7 megawat kuwwaty bolan batareýasy birnäçe kilometr uzaga ýük daşamagyna mümkinçilik berýär. Bilermenler demir ýol ulaglarynyň elektrik energiýasy bilen işlemeginiň howa goýberilýän zyýanly gazlary görnetin azaltmaga kömek etjekdigini belleýärler.
Bu otlynyň batareýasynyň kuwwaty “Tesla” eletroulagynyňkydan 100 esse köp. Merkezi edarasy Pensilwaniýa ştatynyň Pitsburg şäherinde ýerleşýän “Wabtec” demir ýol kompaniýasy tarapyndan öndürilen otlynyň beýleki ýangyçlar bilen işleýän ulaglaryň ornuny tutmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda dünýäde demir ýol ulaglary, nebit ýangyjy we elektrik geçirijiler arkaly işleýän hem bolsa, kömür bilen işleýänleri hem az däl. Kömrüň we nebitden alynýan ýangyjyň bu pudakda ulanylmagy aradan aýrylanda bolsa, howanyň hapalanmagynyň öňüni ep-esli derejede alyp bolar.