nebit-gaz1

nebit-gaz2

nebit-gaz3Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2016” atly XXI Halkara maslahaty we sergisi açyldy. Ony ýurdumyzyň “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.
“Türkmenistanyň nebiti we gazy-2016” forumy nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin ähmiýetli waka öwrüldi. Ol ýurdumyzyň we dünýäniň nebitgaz bazarynyň ýagdaýyna göz ýetirmäge, nebitgaz toplumynyň meselelerine ünsi gönükdirmäge, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň häzirki döwürdäki ösüşiniň möhüm meselelerine we mümkinçiliklerine çuňňur aralaşmaga şert döretdi.
Bu ýyl sergide dünýäniň 20 ýurdundan 70-den gowrak kompaniýa, ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň düzümleri öz bölümlerini görkezýärler. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň iri nebitgaz ýurtlarynyň hataryna girmek bilen, ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hökmündäki abraýa eýe bolmagyny şertlendirdi. Türkmen bazary halkara işewür toparlarynyň wekilleri üçin has-da özüne çekijidir. Ol ýurdumyzyň ägirt uly nebitgaz serişdeler gory hem-de döredilen amatly maýa goýum şertleri bilen düşündirilýär.
“Türkmennebitgazgurluşyk”, “Türkmengaz” hem-de “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň we başga-da ýurdumyzyň baý nebitgaz ýataklarynda iş alyp barýan pudaklaýyn düzümleriň bölümleri sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekýär.
“Türkmenistanyň nebiti we gazy-2016” sergisiniň ilkinji gününde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan uly gyzyklanmalaryň bardygy äşgär boldy.
Halkara sergisi bilen ugurdaş geçirilýän maslahata ABŞ-dan, Ýewropanyň, Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we GDA-nyň ýurtlaryndan wekiller gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, önüm öndüriji kärhanalaryň, işewür toparlaryň we beýlekileriň wekilleri bar. Wekiliýetleriň köpüsine ýokary wezipeli resmi adamlar baştutanlyk edýärler. Daşary ýurtlaryň ýöriteleşdirilen neşirleri, habarlar agentlilkleri, neşirýat öýleri, internet-portallary serginiň maglumat üpjünçiligini ýola goýýar.
Häzirki döwürde bilermenler ýurdumyzyň umumy geologik gorlaryny 71,21 milliard tonna şertli ýangyja barabardygyny belleýärler. Onuň 53,01 milliard tonnasy gury ýer känleriniň serişde gorlarydyr, 18,2 milliard tonnasy bolsa deňiz ýalpaklygyna degişli.
“Galkynyş” käni halkara derejesi boýunça ägirt uly goruň nobatdaky subutnamasydyr. Onuň işlenip taýýarlanmagyna daşary ýurtlaryň iri firmalary we kompaniýalary gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, bu käniň ilkinji nobatdakysyna degişli bolan harytlyk gazy taýýarlamak boýunça zawodlar toplumy gurlup, ulanmaga berildi. Mundan başga-da, bu käni işläp taýýarlamak boýunça ägirt uly taslamanyň ýerine ýetirilmegi Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi üçin hem örän ähmiýetlidir. “Galkynyş” käni bu taslamanyň esasy çig mal serişdesi bolup hyzmat eder.