24-nji sentýabrda hotmatly Prezidentimiziň tabşyrygy bilen Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy.
Milli Liderimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly topary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda daşary ýurt raýatlarynyň uly toparyna Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnamalar berildi.
Bu resminama bilen Daşary işler ministrligine, Döwlet migrasiýa gullugyna beýleki degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýurdumyzyň raýatlygyny almak üçin daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek boýunça işleri dowam etmek, döwlet Baştutanymyzyň tassyklamagy üçin degişli teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.
Türkmenistan Halkara Migrasiýa Guramasynyň hemişelik agzasy bolmak bilen, dünýä bileleşiginiň tagallalaryna önjeýli goşant goşup, bu ugurda taslamalary we maksatnamalary amala aşyrýar. BMG-niň esasy halkara-hukuk resminamalaryna—“Bosgunlaryň statusy hakynda”, “Apatridleriň statusy hakynda”, “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” Konwensiýalara goşulmak bilen döwletimiz öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň tassyklan “Raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça 2024-nji ýyla çenli döwür üçin hereketleriň milli meýilnamasy” yzygiderli amala aşyrylýar. Mundan başga-da, “Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda” täze Kanun güýje girdi. Ol ene-atasynyň derejesine garamazdan, ýurdumyzyň çäginde doglan ähli çagalaryň hasaba alynmagyny kepillendirýär.