Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasy (SPD) 25,7% ses gazanyp, ýurtda geçirilen Parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Bu barada “Deutsche Welle” neşiri habar berýär.
26-njy sentýabrda agşam Germaniýanyň federal saýlaw toparynyň web sahypasynda mälim edilen maglumatlara görä, sosial demokratlaryň ýakyn bäsdeşi Hristian Demokratik Bileleşigi we Hristian Sosial Bileleşigi (CDU/CSU) saýlawçylaryň 24,1 goldawyna eýe boldy.
“Ýaşyllaryň “ “Soýuz 90” partiýasy 14,8%, Erkin Demokratik Partiýa (FDP) 11,5%, Germaniýa üçin sagçy populist alternatiw 10,35% sese eýe boldy. Çepçi partiýa saýlawçylaryň 4,9 göterimi tarapyndan goldanylyp, zerur 5% päsgelçiligi geçip bilmedi. Şeýle-de bolsa, bu syýasy güýç Parlamentde bir topar döredip biler, çünki onuň üç wekili Berlinde we Leýpigde göni mandata eýe boldy.
Eger-de Sosial-demokratil partiýasynyň (SPD) ýylyň başlaryndaky reýtinginiň, takmynan, 15% bolandygyny nazara alsaň, bu üstünlik köpler üçin garaşylmadyk waka boldy.
CDU-CSU-nyň 24,1% netijesi, partiýa bileleşiginiň taryhynda iň pes netijedir. Çünki Bundestaga geçirilen 19 saýlawyň 13-sinde 40%-den gowrak ses alyp gelýän bileleşik hiç haçan 30%-den pes ses almandy. Şol bir wagtyň özünde, SPD bilen CDU-CSU-nyň arasyndaky boşluk iki göterimden az bolup, konserwatiw bileleşigiň dalaşgäri Armin Laşete geljekde bileleşigiň lideri wezipesini dowam etdirmegine esas döredýär.
26-njy sentýabrda Bundestaga geçirililen ses berişlik tamamlanandan soň, Germaniýanyň Kansleri wezipesine dalaş edýänleriň ikisi – Olaf Şols we Armin Laşet Germaniýanyň täze hökümetini gurmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Şeýlelikde, Germaniýanyň Sosial demokratik partiýasyndan (SPD) kanslerlige dalaşgär Bundestaga geçirilen saýlawlaryň netijeleri mälim edilenden soň, öz partiýasynyň hökümet gurmak üçin saýlawçylaryň zerur sesine eýe bolandygyny tassyklady. Laşet hem öz gezeginde, CDU-CSU-nyň ýolbaşçylygyndaky federal hökümet gurmak üçin elinden gelenini gaýgyrmajakdygyny belledi.
Häzirki wagtda konserwatorlar we sosial-demokratlar hökümetde hyzmatdaşlar. Häzirki Ministrler Kabineti täze hökümet gurulýança öz borçlaryny ýerine ýetirmegini dowam etdirer, Germaniýanyň Kansleri Angela Merkel bolsa, täze Parlament indiki hökümet başlygyny saýlandan soň wezipesinden çekiler.