“Forbes” neşiriniň habaryna görä, “Tesla” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask dünýäniň iň baý telekeçisi boldy. Ikinji gezek birinji basgançaga çykan işewüriň baýlygy ilkinji gezek 200 milliard dollardan geçdi.
Mälim bolşy ýaly, dünýäniň gurply işewürleriniň baýlygy ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyndaky paýnamalarynyň bahasy bilen berk baglanyşykly bolýar. 27-nji sentýabr güni birža söwdalary ýapylan wagty Ilon Maskyň baýlygy 3,8 milliard dollar artyp, 203,4 milliard dollara ýetipdir.
“Tesla” kompaniýasynyň paýnamalary 27-nji sentýabrda 2%-den gowrak gymmatlady. Şeýlelikde şu ýylyň fewral aýyndan bäri iň ýokary ýapylyş bahasyna – 791.36 dollara ýetdi.
Täze sanawa görä, “Amazon”-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos dünýäniň iň baý ikinji adamy boldy. Üçünji orny “Lui Vuitton” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bernar Arno eýeledi.
Ilon Mask şu ýylyň ýanwar aýynda hem iň gurply adam bolupdy. Milliarder ýolbaşçylyk edýän awtoulag konserniniň 20%-den gowrak paýyna eýeçilik edýär.