Ýa­pon ka­me­li­ýa­sy: gy­rym­sy agaç bo­lan bu ösüm­lik tom­suň ahy­ryn­da gül­läp baş­la­ýar. Ýa­po­ni­ýa­da, Hy­ta­ýyň, Taý­wa­nyň we Ko­re­ýa­nyň kä­bir se­bit­le­rin­de te­bi­gy ýag­daý­da ös­ýän ka­me­li­ýa­nyň bu gör­nü­şi gy­zyl, gül­gü­ne, sa­ry we ak reňk­li gül aç­ýar. Ka­me­li­ýa­la­ryň gü­li bä­gül­le­re meň­zeş bol­ýar. De­ňiz de­re­je­sin­den 300-1000 metr be­lent­lik­dä­ki gür to­kaý­lar­da duş gel­ýän bu köp­ýyl­lyk ösüm­lik çy­dam­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şeý­le bo­lan­soň ka­me­li­ýa­la­ry me­de­ni usul­da kö­pelt­mek üçin iki müň tö­we­re­gi tä­ze gör­nü­şi dö­re­di­lip­dir. Bu gül otag be­zeg­le­ri üçin hem ula­nyl­yp, gü­lü­niň ýap­rak­la­ryn­dan çaý taý­ýar­lan­ýar.


Bä­gül­ler: açyk as­ma­nyň as­tyn­da­ky bag­lar­da hem-de öý şert­le­rin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän bä­gül­le­riň örän köp gör­nü­şi bar. Ýa­kym­ly ysy bo­lan­dy­gy üçin bä­gü­lüň gül ýap­rak­la­ry kos­me­ti­ka we azyk se­na­ga­tyn­da giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Bä­gü­lüň gül ýap­rak­la­ryn­dan şer­bet, mü­rep­be taý­ýar­lan­ýar. Owa­dan gül­li bol­ma­gy üçin köp ideg ta­lap ed­ýä bägülüň ar­tyk­maç şa­ha­la­ry­ny, sa­ra­lan ýap­rak­la­ry­ny wagt­ly-wag­tyn­da ke­sip dur­ýar­lar. Bu gül­ler güýz pas­lyn­da has owa­dan gö­rün­ýär. Ide­gi ýe­ten bä­gül güý­züň ser­gin gün­le­rin­de öz owa­dan gül­le­ri­ni eçil­ýär.

Hri­zan­te­ma: bir­ýyl­lyk we köp­ýyl­lyk bo­lan ot­ju­mak ösüm­li­giň ýap­rak­la­ry açyk ýa­şyl reňk­li bol­ýar. Gül­le­ri ow­nuk, mer­ke­zi sa­ry gül­ler­den we dür­li reňk­li bir ha­ta­ra dü­zü­len uzyn gül­ler­den yba­rat­dyr. Azi­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da duş gel­ýän bu ösüm­li­giň 42 gör­nü­şi bar.


Ehi­na­se­ýa: Çog­dam gül­lü­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li gül­gü­ne reňk­li bu der­man­lyk ösüm­lik­ De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň gün­do­ga­ryn­da we mer­ke­zin­de duş gel­ýär. Adat­ça, ehi­na­se­ýa gü­li çyg­ly we gu­rak ýer­ler­de, jül­ge­ler­de we açyk to­kaý­lar­da ös­ýär. Gu­rak­ly­ga çy­dam­ly köp­ýyl­lyk ösüm­li­giň bo­ýy 140 san­ti­met­re ýet­ýär.

Ast­ra: köp­ýyl­lyk ösüm­li­giň bu gör­nü­şi hem çog­dam gül­lü­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lup, onuň gök, gül­gü­ne we gyr­my­zy gül­le­ri bol­ýar. Bu gül ýyl­dyz­la­ra meň­ze­ýär. Şo­nuň üçi­nem oňa «ýyl­dyz» hem di­ýil­ýär. Bu gü­lüň 170-den gow­rak gör­nü­şi bar.

Gi­bis­kus: der­man­lyk ösüm­lik­le­riň bi­ri bo­lan gi­bis­kus halk ara­syn­da «ýa­pon bä­gü­li» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Şy­pa diý­me­gi aň­lad­ýan Gi­bis­kus subt­ro­pik we tro­pik se­bit­ler­de giň­den ýaý­ran­dyr. Ýüz­ler­çe gör­nü­şi bo­lan bu ösüm­li­giň ak, gül­gü­ne, gy­zyl, gök, mä­mi­şi, sa­ry we gy­zyl reňk­li iri gül­le­ri bar.

Fi­al­ka: ýa­ba­ny gör­nü­şi hem bo­lan bu gül­ler güýz pas­lyn­da pen­ji­re­le­riň öňü­ni, how­lu­la­ry we bal­kon­la­ry be­ze­ýär. Ho­wa­nyň duý­dan­syz üýt­ge­me­gi­ne çy­dam­ly bu ösüm­li­giň gü­li üç reňk­li bol­ýar – mä­mi­şi, ak we sa­ry. Kö­le­ge­li ýer­de ösüp ýe­tiş­ýän bu gü­lüň bo­ýy ba­ry-ýo­gy 15 san­ti­met­re ýet­ýär.