Türkmenistanyň at gazanan artisti
Gandym Annadurdyýewi ýatlap
Türkmen teatr sungatynda ençeme ägirt artistler özleriniň ýiti zehinleri bilen öçmejek yz goýup gitdiler. Wagt geçýär. Durmuş dowam edýär. Nesilden nesle geçip gelýän sungaty kämilleşdirýän halypalara hormat goýulýar.
Meniň şu makalada etjek gürrüňim Türkmenistanyň at gazanan artisti Gandym Annadurdyýew hakynda.
Elbetde, bu artist okyjylara-da, tomaşaçylara-da tanyş bolsa gerek. Hawa, jadyly sungata bütin durky bilen berlip, teleýaýlymlarda gülküli sahnalaryň üsti bilen tanalan Gandym aga.
Ýagşylary ýagşylykda ýatlasaň, özüňde-de ýakymly duýgy döreýär. Gandym Annadurdyýew hakynda-da şeýle. Men Gandym bilen 1979-njy ýylda teatr studiýasynda bile okandygym üçin birek-birege juda belet bolduk. Şonuň üçinem Gandym hakynda gürrüň edilende, onuň teatrda, kinoda, teleýaýlymlarda bitiren işleriniň sanardan köpdügini belläsim gelýär. Men şu makalada meşhur artistiň döreden keşplerini ýeke-ýeke sanap durman, onuň adamkärçiligini, zehinini, wäşiligini, kiçigöwünliligini we gönümelligini bolup geçen wakalaryň üsti bilen beýan etmekçi bolýaryn.
Biz talyp ýyllarymyz duralgada awtobusa garaşyp durdyk. Gandymyň gözi geçip barýan täzeje ýeňil awtoulaga düşýär. Gandym Törä ýüzlenýär: (Türkmenistanyň halk artisti Töre Annaberdiýew).
– Töräm, şular ýalyjak ulagdan menem-ä birini edinäýme-laý.
Talyp durmuşynda beýle arzuwlary geň gören Töre, Gandymyň äýneginiň aýnasynyň çat açandygyny görüp:
– Ulag edinmäkäň ilki äýnegiň aýnasyny bir täzele – diýip maslahat berýär.
Gandym aga teleýaýlymlarda, gülküli sahnalarda çykyş edende köplenç sada, ynanjaň, ýaýdanjaň keşplerde çykyş edip, öz ýoluny tapdy. Ýöne beýle diýsem sahnada-da özüni şeýle alyp barýandyr öýdüp pikir edäýmäň! Ol «Gala», «Syrly sandyk», «Gelinler», «Perişdeler gijesi», «Bakja giren oklukirpi» we başga-da birnäçe oýunlarda biri-birine meňzemeýän, çapraz häsiýetli keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.
Bir gezek men artist Batyr Çaryýewiň ýanynda zeýrenip, «Gandym-Gandym diýýärler weli, wäşilig-ä ýok şonda. Bir degişme aýtjak bolsa, süýndürip-süýndürip myžžygyny çykarýar. Onsoň gülesiňem gelenok» diýdim.
Batyr hem başga bir ýerde ýaňky sözleri gaýtalapdyr. Garaz, bu gürrüň Gandymyň gulagyna ýetýär. Bir gün agşam teatrdan çyksam Gandym garaşyp dur.
– Öýüňe gitjekmi?
– Hawa.
– Ýör, men seni elinje äkideýin – diýip, ol ulagyny görkezdi.
Daşary şatylama aýaz bolansoň, alkyş baryny aýdyp mündüm ýanyna. Ulag ters tarapa tutduryp ugrady.
– Gandym, nirä barýas?
Onuň birden gahary geldi:
– Lal bolup otur!
Men ör-gökden geldim:
– Näme boldy?
Ol garaňky köçeleriň birinde ulagyny saklady.
– Siz näme men hakda bolgusyz gürrüň edipsiňiz.
Ol gahardan ýaňa titräp başlady:
– Batyram, senem täzeden gowrup, täzeden ýasaňda-da mençe artist bolmarsyňyz.
Meniň gorkudan ýaňa aýaklarym saňňyldaýardy. Naýynjar ýüzüne seretsem, gözleriniň garasy ýitipdir. Duw-ak bolup dur. Men sakawlap başladym. Men…, neme…, Gandym…
Ol gazaplanyp şeýle diýdi:
– Ýene bir gezek men hakda bolgusyz gürrüňiňizi eşidäýsem… Batyr Çaram, senem menden gaty görmäň! Bar, düş! Pyýada git!
Men sypsam razy boldum. Daşary doňaklyk. Gije, digdenekläp uly ýola çykdym. Ulag az. Şuňa haýyş edeýin diýip aňyrda duran ulaga golaýlasam… Ine, Gandym. Gygyrýar:
– Geld-ä how, doňmakaň! Gaty görmäwergin, dost! Güýçli artist bolsaň, her kim bir zat diýäýýä-dä. Sizem arkaýyn diýiberseňizläň-aý! Nikulin barada hem şorta sözler aýdyp ýörler-ä.
Gandymyň şeýle häsiýeti bardy. Gahary gelşi ýaly şobada-da ýazylýardy. Özi günäkär bolsa-da, bolmasa-da «bagyşla» diýmegi başarýardy.
Bir gezek teatrda täze oýnuň taýýarlyk döwri gidýärdi. Oýunda erkek adamlar köp gerek bolandygy üçin wagtlaýynça zenanlar-da don, telpek geýip, sakgal-murt dakyp sahna çykmaly boldy. Ýaňky zenan artistleriň biri garaňkyda sahnada gelip durýar. Gandymam garaňkylykdan peýdalanyp, ýaňkyň böwrüne barmagyny dürtýär. Sahna bolansoň şol zenan artist hiç zat diýip bilmän beýleräk süýşýär. Garaw görmedik Gandym ikinji gezek onuň böwrüne ýumrugy bilen hürsekläp goýberýär. Edil şol wagtam çyra ýanýar. Gandym serpmeden gaýdan ýaly bolýar. Görse öňünde öňem jyny jyňkyryşman, mäşi bişişmän ýören zenany dur. Gandym aljyrap ötünç soraýar: «Bagyşlaň, men Berdidir öýtdüm. Siziň geleniňizem görmändirin».
Ýöne şol zenanam Gandymy ýöne goýmandyr. Mazaly duzladym hasap edipdir: «Saňa hakykatdanam dogry aýdypdyrlar Gandym Annadurdy diýip…»
Gandym aňk-taňk bolýar. Onuň aýdan sözleri gulagynda ýaňlanyp, üç günläp içinden gaýtalap gezýär. Ahyrynda-da hiç hili erbet many tapman şeýle netijä gelýär: «Dogrudanam, men şol Gandym Annadurdy-da» diýibem öz-özüni köşeşdirýär.
Islendik kärdäki adamlaryň käbiri öz kärine ukyplydygyny özlerem bilmeýärler. Gandym hem öz käriniň ussadydygyny bilmeýärdi. Asla şol hakda pikirem etmeýärdi.
Bir gün üýşüp otyrkak Töre Annaberdiýew geň sorag berdi: «Tilki sapalagy diýip eşitdiňizmi?»
Biz «hawa-da hawa» boluşdyk.
– «Gandym sapalagy» diýip eşitdiňizmi?
– Aý, ýok.
– Onda diňläň! Gandym bir zada razy bolmasa, göwnemese, oňlamasa, bilgeşleýin gürrüňe gabat gelmeýän başga bir tükezzibana tutdurar oturar. Aýdýan sözlerini hiç kebşirläp ýetişmersiň. Diňläň:
«Öten agşam gowy futbol bold-aý. Oglumam täze penjek alypdyr. Daşarda-da gar gowy ýagýar. Eý, garpyz haýsy aýda gyzaryp bişýär-aý. Şu wagt Daşkentde-de gar ýagýandyr. Suwuň turbasy ýarylypdyr, ussa çagyrdym. Men kime jaň etmelidim-aý? Ýogsa-da, sen näme diýipdiň-aý».
Ine, gördüňizmi? Nirä gitjegiň, näme üçin geleniň ýadyňdan çykaýýandyr. Şuňa «Gandym sapalagy» diýilýär.
Gandym Annadurdyýewiň şahandaz ýüregi arzuwdan doludy. «Milli oýunlarda çykyş etsem, janym rahat tapjak-da ýa-da klassykada (nusgawy eserlerde) oýnasym gelýär» diýip, köp gaýtalardy. Arman duýdansyz gelen kesel Gandym agany aramyzdan bimahal alyp gitdi. Ýöne onuň döreden keşplerini welin tomaşaçylar hiç wagt ýatlaryndan çykarmazlar.
Aşyrmämmet Ýemşikow,
Türkmenistanyň baş drama teatrynyň artisti,
Türkmenistanyň at gazanan artisti.