Şu gün – 1-nji oktýabrda Dubaýda (BAE) Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu waka koronawirus pandemiýasy başlanaly bäri Ýakyn Gündogarda bolup geçýän ilkinji halkara çäredir. Sergi geçen ýyl meýilleşdirilipdi, ýöne epidemiýa ýagdaýy we sanitariýa çäklendirmeleri sebäpli yza süýşürilipdi. Açylyş dabarasy sergi merkeziniň uly meýdançasynda – “Al-Wasl” gümmeziniň aşagynda geçirildi.

2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli dowam etjek “Expo 2020” sergisiniň esasy maksady dünýäniň iň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmakdan ybaratdyr. “Akyllary birleşdirip, geljegi guralyň!” şygary astynda geçirilýän bu sergide dünýäniň iň soňky innowasiýalary, ylmy açyşlary we pikirleri bilen tanşyp bolar. Bu bolsa öz gezeginde, gowy geljege tarap utgaşdyrylan çäreleri meýilleşdirmäge ýardam berer.

Täze meýilnamalar üçin “ýol kartasy” boljak “Expo 2020” sergisinde dürli guramalar, kärhanalar, bilim edaralary, şeýle-de millionlarça myhmanlar hem-de 200-den gowrak gatnaşyjy ýurtlar dünýäni kämilleşdirmek maksady bilen tagallalaryny birikdirýärler.

“Expo 2020” sergisiniň diwarlyklary myhmanlary täzeçe pikirlenmäge we ýaşamaga ruhlandyrýar. Bu çärä dünýädäki üstünlikleriň baýramçylygy bolup, bu ýerde her kim özüne gerek zady tapyp bilýär. Dürli tehnologiýalar hem-de medeniýetler bilen tanyş edýän gündelik çäreler bu ýere gelýänlerde çynlakaý täsir galdyrar, gastronomik zolaklar bolsa, dünýäniň dürli ýurtlarynyň tagamlaryny hödürlär.

Bu sergi ilkinji gezek Afrika, Günorta Aziýa we Ýakyn Gündogaryň çatrygyndaky sebitde geçirilýär. Bu sergini guramak üçin bahasy 7 milliard dollara deň bolan ýörite toplum guruldy. Meýdany 4,38 inedördül kilometre deň bolan zolakda ýaýbaňlandyrylýan sergi Dubaýyň günortasyndaky “Al-Maktum” halkara howa menziline ýanaşyk ýerde ýerleşýär. Uzak geljege niýetlenip, döredilen “Expo 2020” şu günki günüň ähli täzelikleriň buşlukçysydyr we Bütindünýä sergisi ýapylandan soň, tehnologik we ekologiýa taýdan ösen “District 2020” atly geljegiň şäherine öwrüler.