1-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow gözegçilik edýän edaralarynyň alyp barýan işleri hem-de ykdysady, maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde geljegi uly taslamalary maliýeleşdirmek üçin maýa goýum syýasatynyň wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy. Şonuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyza Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasyndan (ITFC) karz çekmäge we Çarçuwaly ylalaşygy baglaşmaga rugsat almak barada haýyş bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taslamalar üçin Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasyndan karz çekmek we Çarçuwaly ylalaşygy baglaşmak barada hödürlenen teklibi makullap, bu ädimiň maýa goýum syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň mysaly bolmak bilen, milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.

Yslam ösüş bankynyň iri halkara taslamasynyň — Demirgazyk — Günorta ulag-kommunikasiýa ulgamyny gurmak baradaky taslamanyň hem-de ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, şol sanda telemehanika we aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek, Aşgabat — Garagum — Daşoguz demir ýolunyň energiýa üpjünçiligi ýaly taslamalaryň maýadarlarynyň biridir.