Jebran Halil Jebran, liwan-amerikan ýazyjysy.
Gäminiň gelmegi
(1-nji bölüm)
Öz döwrüniň saba-säheri, deň-duşlarynyň arasyndan saýlanýan we ezizlenýän Almustafa, Orfales şäherinde özüni dogduk adasyna alyp gitmeli gämisiniň dolanyp gelmegine on iki ýyl garaşdy.
On ikinji ýylda, orak möwsüminde, eýlul1 aýynyň ýedinji güni (22-nji awgust) şäher diwarlarynyň daşyndaky depä çykyp, deňze tarap nazar aýlanda, dumanyň içinden çykyp gelýän gämisine gözi düşdi.
Şonda onuň kalbynyň derwezeleri giňden açylyp, şatlygy deňziň üsti bilen alyslara perwaz urdy. Ol gözlerini ýumdy-da, ümsüm ruhy bilen doga-dileg etdi.
Emma, depeden aşak inip gelýärkä, ony gam-gussa gaplap aldy, öz ýanyndan oýa batdy: “Men bu ýerden nädip rahat, gaýgy-ünjüsiz gidip bilerin? Eýsem, maňa ýarasyz kalp bilen bu diýary terk etmek başardarmyka!?
Bu diwarlaryň arasynda geçiren dertli günlerim uzaga çekdi, ýalňyz-tenha bolan gijelerim uzyn boldy, heý, onsoň kim gynanman öz derdinden we ýalňyzlygyndan jyda düşüp biler?!
Köňlümiň juda köp parçalaryny bu köçelere düşedim, bu depeleriň arasynda egnaçyk gezip ýören gaýgy-gussalarymyň zürýatlary-da diýseň köp, onsoň men olardan nädip, agyry-ünjüsiz daşlaşyp bilerin?!
Men bu gün eşigimi çykaryp taşlamok, megerem, öz ellerim bilen hamymy sypyrýaryn.
Ýok, men yzymda akyl däl-de, açlykdyr teşnelik bilen süýjedilen kalbymy galdyrýaryn.
Şeýle-de bolsa, men bu ýerde uzak eglenip bilmeýärin.
Hemme zady özüne çagyrýan deňiz, meni hem çagyrýar, men gämä münmeli.
Çünki bu ýerde gijelerimiň gündizdigine garamazdan, bu ýerde galmagym gatap doňmagymy, daşa dönmegimi hem-de üýtgewsiz bir galyba salynmagymy aňladýar.
Bu ýerdäki zatlaryň barysyny özüm bilen alyp gitsemdim. Ýöne nädip?
Seda özüne ganat berýän zybandyr lebleri özi bilen äkidip bilmeýär. Onuň bir özi belentligi gözlemeli.
Höwürtgesiz bürgüdiňem ýeke özi Kuýaşa sary perwaz urýar ahyryn.
Ol depäniň etegine ýetip, ýene-de deňze tarap göz aýlanda, gämisiniň kenara ýakynlaşyp gelýändigini gördi, onuň üstünde bolsa, deňizçiler – öz ülkesiniň ynsanlary bardy.
Onuň göwni olara ýüzlenip seslendi: – Garry enemiň perzentleri, siz möwçleriň çapyksuwarlarysyňyz, siz düýşümde gör näçe saparlar ýüzüp gelipdiňiz. Indi bolsa, meniň syrly düýşlerim oýalygymda ýakynlaşyp gelýär.
Men gitmäge taýyn, bar islegim ýelkenleriň doly ýokary galdyrylmagy üçin ýele garaşýar.
Diňe bu asuda howadan ýene-de bir gezek dem alaýyn, diňe ýene-de bir gezek söýgi bilen yzyma nazar aýlaýyn. Onsoň men deňizçileriň arasynda deňizçi bolup duraryn.
Sen aňyrsy-bärsi görünmeýän deňiz, oýaly-ukuly ene, derýadyr çeşmeleriň akymy öz asudalygyny we erkinligini diňe senden tapýar. Bu çeşmeler ýene-de bir öwrüm ederler, öz hanalaryndan ýene-de bir mukam ýaýradarlar. Şonda men çäksiz damjanyň çäksiz ummana goşulyşy dek seniň kenaryňa gelerin.
Ol ýöräp barýarka, uzakda ekin meýdanlaryny, üzümliklerini taşlap, şäher derwezesine bakan alňasap gelýän erkek kişilere we zenanlara gözi düşdi.
Ol adamlaryň öz adyny tutup, ekin meýdanyndan beýleki ekin meýdanyna gygyryp, gäminiň gelendigini bir-birine habar berýän seslerini eşitdi.
Ol öz-özüne şeýle diýdi: – Eýsem, aýralyk güni ýygnanyşyk güni bolarmy?
Eýsem, meniň agşamyma, hakykatdan hem meniň daň-säherim boldy diýip aýdarlarmyka?
Men azalyny keşleriň arasynda taşlap gaýdana ýa-da üzüm sykýan abzalynyň çarhyny togtadana näme bererin?
Eýsem, ýygyp olara bererim ýaly meniň kalbym bol miweli daragt bolup bilermi?
Olaryň pyýalalaryny doldurarym ýaly, isleg-arzuwlarym çeşme deý akarmy?
Gudraty güýçliniň eli maňa galtaşar ýaly, megerem, men arfadyryn2 ýa-da onuň nepesi içimden geçip gider ýaly tüýdükdirin?
Men diňe ümsümligi gözleýji, ony ynamly paýlarym ýaly bu ümsümlikden haýsy genji-hazynany tapdym?
Eger-de bu gün hasyl ýygnaýan günüm bolsa, haýsy meýdana tohum sepdim we ýadyma düşmeýän haýsy pasylda?
Eger-de bu, hakykatdan-da, çyramy götermeli pursatym bolsa, onda peltedäki ýalyn meniňki bolmaz.
Men çyramy boş we öçük halda göterjek, gijäniň goragçysy ony ýag bilen dolduryp, özi ýakar.
Ol bulary söz bilen aýtdy. Emma onuň ýüreginde köp zatlar aýdylman galdy. Çünki ol içindäki çuňňur syrlaryny aýdyp bilenokdy.
Ol şäheriň içine girende, ony ugratmaga gelen ähli ilat agzybirlik bilen oňa ýüzlendiler.
Şäheriň ýaşululary öňe çykyp, şeýle diýdiler: – Sen entek bizi taşlap gitme! Sen biziň alagaraňkylygymyzyň süýr günortany bolduň, juwanlygyň bolsa bize arzuw etmäge hyruç berdi.
Sen biziň aramyzda kesekem, myhmanam dälsiň, eýsem, söýgüli, eziz perzendimizsiň. Gözlerimiziň didaryňa teşne bolmagyna ýol berme!
Ruhany erkekler we zenanlar oňa şeýle diýdiler: – Deňiz möwçleriniň bizi aýra salmagyna, aramyzda geçiren ýyllaryň ýatlama bolup galmagyna ýol berme!
Sen ruh bolup, aramyzda gezdiň, saýaň bolsa, ýüzlerimize nur bolup çaýyldy.
Biz seni juda söýdük. Ýöne biziň söýgimiz sessiz-üýnsüz bolup, perde bilen örtülendi.
Ýöne indi ol gaty sesi bilen seniň öňüňde aýan bolýar. Çünki hemişe-de şeýle bolşy ýaly, söýgi aýralyk pursatyna çenli öz çuňlugyny bilmeýär.
Beýlekiler hem gelip oňa towakga etdiler. Emma ol jogap bermän, diňe başyny aşak sallady. Ýanynda duranlar onuň gözýaşlarynyň döşüne damýandygyny gördüler.
Ol ýygnananlar bilen birlikde, ybadathananyň öňündäki uly meýdana tarap ugrady.
Ybadathanadan Almitra diýen zenan çykdy. Ol bihal däldi.
Almustafa oňa çuňňur mähir bilen seretdi, çünki ol bu şähere gelen güni, bil baglan ilkinji ynsanydy.
Zenan oňa salam berip, şeýle diýdi: – Eý, Hudaýyň bendesi, sen has ýokary kämilligiň gözleginde uzak wagtlap gämiň ýoluna garadyň. Häzir gämiň geldi, seniň ýola düşmeli wagtyň boldy.
Hakydaňda galan ýere teşneligiň, dogduk depäňe bolan belent arzuwlaryň juda çuňňur; biziň söýgimiz seni baglap goýmaz, saňa bolan zerurlyklarymyz seni saklamaz.
Emma bizi goýup gitmezden ozal, bize nesihat berip, hakykatyňyzy we oý-pikirleriňizi bize galdyrmagyňyzy haýyş edýäris.
Biz ol hakykaty öz perzentlerimize goýarys, olar hem ýitip gitmez ýaly özünden soňkulara ýadygär galdyrarlar.
Sen ýalňyz-tenhalykda biziň günlerimizi synladyň, ukusyz geçiren gijeleriň bolsa, düýşlerimizdäki agylarymyza we gülkülerimize diň saldyň.
Şonuň üçin häzir bize özümizi tanat, dogluş bilen ölümiň arasynda bolup geçýän zatlar dogrusynda özüňe aýan zatlaryň barysyny gürrüň ber.
Ol şeýle jogap berdi: – Eý, Orfalesiň halky men sizi edil häzir biynjalyk edýän zatlardan başga näme aýdyp bilerkäm?
(dowamy bar)
Iňlis dilinden terjime eden Ýegenmämmet Taýlyýew.
______________________________________________________________
- Eýlul ýewreý senenamasynyň on ikinji aýydyr. Eýlul 29 gün dowam edip, awgustyň ikinji ýarymyna we Grigoriýan senenamasynyň sentýabr aýynyň birinji ýarymyna düşýär.
- Üçburç görnüşi kirişli saz guraly.