Futzal boýunça Litwada geçirilen 9-njy FIFA Dünýä Kubogynda Portugaliýanyň ýygyndysy çempion boldy. Portugaliýa finalda mundan öňki bäsleşigiň çempiony Argentinany 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Portugaliýanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren gollary 15-nji we 28-nji minutlarda Pany Warela derwezä girizdi. Argentinanyň ýeke-täk goluny-da 28-nji minutda Klaudinio öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, Portugaliýanyň ýygyndysy 9-njy gezek geçirilen Dünýä Kubogy ýaryşynda ilkinji sapar çempion diýen ady eýeledi.

Baýrakly 3-nji ýer ugrundaky oýunda Gazagystan bilen Braziliýanyň ýygyndylary duşuşyp, Günorta Amerikanyň wekili 4-2 hasabynda ýeňiş gazandy. Sambaçylaryň gollaryny Taýnan (25 ö.d.), Rodrigo (32), Ferrao (34) hem-de Le (35) geçirdi. Gazaklaryň adyndanam Guitta (12 ö.d.) bilen Taýnan (31) tapawutlandy. Braziliýa ýarym finalda Argentinadan 2-1, Gazagystan bolsa Portugaliýadan (2-2, 4-3 p) asgyn gelipdi.

24 ýygyndynyň gatnaşan çempionatynda 52 oýunda 301 gol hasaba alyndy. Çempionatda 9 gezek tapawutlanan braziliýaly Ferrao iň netijeli hüjümçi boldy. Portugaliýaly Rikardinio çempionatyň iň ökde oýunçysy, şeýle-de argentinaly Nikolas Sarmiento saýlandy.

FIFA tarapyndan geçirilýän futzal Dünýä Kubogy 9-njy gezek guraldy. Şolarda Braziliýa 5 (1989, 1992, 1996, 2008, 2012), Ispaniýa 2 (2000, 2004), Argentinadyr (2016) Portugaliýa (2021) hem 1 gezek çempion boldy. Ýeri gelende aýtsak, bu ýylky ýaryş geçen ýyl geçirilmelidi. Ýöne pandemiýa sebäpli bu ýyla süýşürilipdi.