Kosmosdaky ilkinji filmi surata düşürjek rus režissýor Klim Şipenko hem-de aktrisa Ýuliýa Peresild kosmosa sary ýola düşdi. Kino ussatlary hem-de kosmonawt Anton Şkaplerow şu gün Aşgabat wagty bilen 13:55-de “Soýuz MS-19” göteriji raketasy arkaly “Baýkonur’ kosmodromyndan Halkara kosmos bekedine uçdular. Kosmosda surata düşüriljek “Çagyryş” (Вызов) atly filmde saglyk ýagdaýy sebäpli Ýere gelip bilmeýän kosmonawty kosmos gämisinde bir lukmanyň operasiýa etmeli bolýandygy barada gürrüň berler. Filmde Şkaplerow bilen bilelikde kosmos bekedindäki beýleki iki rus kosmonawty hem keşp janlandyrar.
Kosmos gämisiniň bellenen orbita çykandygy mälim edildi.
Peresild we Şipenko 12 günden soňra 17-nji oktýabrda kosmonawt Oleg Nowitskiý bilen Ýere gaýdyp gelerler. Nowitskiý ýylyň aprelinden bäri kosmos bekedinde bolýardy.
Filmiň bilelikdäki prodýuserleri hökmünde “Roscosmos”-yň ýolbaşçysy Dmitriý Rogozin hem-de Russiýanyň döwlet teleýaýlymynyň (Birinji kanal) Baş müdiri Konstantin Ernst çykyş edýärler.
Asly estoniýaly bolan ussat aktrisa Peresild mundan ozal “Ülke” (Край), “Sewastopol ugrunda söweş” (Битва за Севастополь) ýaly birnäçe rus drama filminde keşp janlandyrdy. Peresild 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň at gazanan artisti baýragy bilen sylaglandy.
Belli režissýor Şipenko 42 million dollardan gowrak kassa ýygymyny toplan “Serf” hem-de birnäçe baýrak gazanan “Salýut 7” ýaly filmleri surata düşürdi. Režissýor filmlere ssenariý hem ýazýar.