Tehnologiýanyň barha kämilleşýän döwründe döwrebap uçarlar diňe ýolagçy gatnatmak üçin däl, eýsem, başga-da dürli maksatlar üçin peýdalanylýar. Adaty uçarlar adam tarapyndan dolandyrylýan bolsa, häzirki wagtda uzakdan dolandyrylýan dürli ululykdaky uçýan enjamlar hem az däl. O diýen uly bolmadyk uçýan enjamlara dron diýilýär. Bu enjamlar, esasan, guşuçar belentlikden Ýer ýüzüniň suratyny almak, ýol hereketini kadalaşdyrmak, kiçi göwrümli harytlary daşamak, oba hojalygynda ekin ekmek ýa-da derman sepmek ýaly işlerde peýdalanylýar. Soňky ýyllarda bolsa bu enjamlar gijesine dürli yşykly şüweleňleri guramak üçin hem ulanylyp başlandy. Şeýle dronlar ýörite kompýuter programmalary arkaly özara «düşünişip», sazlaşykly işleýärler. Mahabat, täze harydyň tanyşdyrylyşy ýa-da belli senelerde we baýramçylyklarda dürli şüweleňleri geçirmek maksady bilen hem ulanylýan bu enjamlar emeli aň tehnologiýasynda işleýär. Adatça LED yşyklandyryjy indikator enjamlary bilen üpjün edilen dronlaryň ajaýyp şüweleňi, esasanam, gijelerine geçirilýär. Dronlar howada sazlaşykly hereket arkaly dürli şekilleri emele getirip bilýändigi sebäpli, kähalatda feýerwerkleriň ýerine hem ulanylýar. Şeýle dronlar baradaky gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris:
Ilkinji gezek 2012-nji ýylda Awstriýanyň Lins şäherinde «Ars Electronica Futurelab» laboratoriýasy SPAXELS atly 49 drony ulanyp, dürli reňkli dron şüweleňini geçirdi.
Şu ýylyň mart aýynda Şanhaýda geçirilen şüweleňde 3 281 dron birwagtda ulanylyp, howadaky iň köp pilotsyz uçar hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu şüweleňde Koreýa Respublikasynyň «Hyundai» kompaniýasynyň eýeçilik edýän «Genesis» brendiniň tanyşdyrylyşy boldy.
Pilotsyz görkezişler, adatça, dronlaryň belli bir şekili we nyşany düzmek, bellenen ugurda hereket edip howada dürli şekilleri emele getirmek, bu täsirli çykyşlar ýerine ýetirilende biri-birine çakyşmazdan amala aşyrmak ukybyny görkezýär. Bu bolsa, örän ýokary tehnologiýa talap edýär.
Ilkinji uçýan enjamlar 1850-nji ýyllaryň ortalarynda peýda bolýar.
Uzynlygy 24 we ganatlarynyň gerimi 18 metr bolan «Ravn X» dünýäniň iň uly pilotsyz uçary hasaplanýar. Pilotsyz uçar kiçiräk emeli hemralaryň Ýeriň aşaky orbitasyna iberilmegi üçin peýdalanylýar.
Göni ýaýlym we wideo ýazgylar üçin ulanylýan 1,5 dýuýmdan uly bolmadyk «Axis Vidius» dünýäniň iň kiçi drony hasaplanýar.
Häzirki wagtda uçarmansyz gurluşlaryň hemmesi diýen ýaly uglerod süýümli kompozitlerden ýasalýar. Bu material ýeňilligi we berkligi bilen tapawutlanýar.
Dünýädäki iň çalt pilotsyz uçar «DRL RacerX» hasaplanýar. Onuň ýokary tizligi sagatda 289 kilometre ýetýär.
Kiçi dronlaryň ölçegi 250 gramdan 2 kilograma çenli, ortaçalarynyňky 2-25 kilogram, uluraklarynyňky 25-150 kilogram we has ulularynyňky bolsa 150 kilogramdan gowrak bolýar.
Ýagtylyk bilen şüweleňleri görkezmek üçin ulanylýan dronlar ýeňil bolup, olar batareýadan, LED çyralardan we GPS sensorlardan düzülendir.