Islendik töweregi (2πr) onuň diametrine (2r) böleniňde netije 3,14 çykýar. Bu sana gysgaça Pi (π) diýilýär. Aslynda 3,14 orta hasap bilen alynýar. Onuň yzy tükeniksiz ýagdaýda uzap gidýär. Bu üýtgeşik sany ilkinji bolup kimiň anyklandygy belli däl. Emma ol irki wagtlardan bäri matematiklere mälim bolupdyr. Pi (π) harpy grek elipbiýiniň 16-njy harpydyr. Bu at 1737-nji ýylda berilýär. Bu sanyň miladydan ozal XX asyrda anyklanandygy çaklanylýar.
Häzirki wagtda Pi sanynyň oturdan soňky basgançaklaryny superkompýuterleriň kömegi bilen birnäçe günläp dowam edýän hasaplamalaryň netijesinde hasaplaýarlar. Her ýyl Pi sanynyň oturdan soňky basgançagynyň sanlary köpelýär. Şweýsariýanyň Graubýunden uniwersitetiniň alymlary π sanynyň 62,8 trillion basgançagyna çenli hasaplandyklaryny habar berdiler. Mundan ozalky rekordyň 50 trillion basgançakdygy mälim edildi. Şeýle-de bolsa Pi sanynyň bahasyny tapmak boýunça rekordlar her ýyl diýen ýaly üýtgeýär. Sanyň şeýle kesgitli bahasyny tapmak üçin superkompýuter 108 gün 9 sagat işlemeli bolupdyr. Bu hasaplaýyş ozalky hasaplaýyşdan üç esse gysga wagtda amala aşyrylypdyr.
Bu rekord diňe matematika ylmynyň däl, eýsem, kompýuter programmaçylygynyň hem ösendigini görkezýär. Häzirki wagtda kompýuteriň şeýle uly mukdardaky sany gysga wagtda ýokary takyklykda tapyp bilmegi tehnologiýanyň ýeten derejesini görkezýär. Ýeri gelende bellesek, 1874-nji ýylda şol döwrüň iň ösen hasaplaýyş maşyny arkaly Pi sanynyň 707 basgançagy anyklanypdyr.
Köplenç, Pi sany ortaça 3,14 görnüşinde (22/7) alynýan hem bolsa, has anyk maglumatlaryň talap edilýän halatynda 15-nji basgançagyna çenli alynýar. Islendik töweregi iki esse ulaltsaň, onuň diametri hem iki esse ulalýar, üç esse ulaltsaň üç esse ulalýar. Başgaça aýdylanda, töwerek bilen onuň diametriniň gatnaşygy onuň ululygyna görä üýtgemeýär. Matematikler bu üýtgewsiz sanyň anyk näçedigi barada XVIII asyrdan bäri has köp gyzyklanýarlar. Wawillon döwründe Pi sanyny töweregi diametre bölenimizdäki sanyň 3 ýa-da 3,125 diýlip kabul edilipdir. Müsürliler bolsa, 3,1604 diýip alypdyrlar. Geredot onuň bahasyny 3,58 diýip kesgitläpdir. Grek matematigi Arhimed bolsa bu sanyň 3,1408 bilen 3,1428 arasyndadygyny çaklapdyr. Hytaýly we grek matematikler Pi sanyna 3,162 bahasyny beripdirler. 1436-njy ýylda samarkantly meşhur matematik Giýasaddin Jamşid ibn Masud al-Kaşi «Risaletul fi Mahiful Daire» atly eserinde Pi sanynyň 16 basgançagyny hasaplapdyr: 3,1415926535898732. Ol soňky hasaplamalara örän golaý bolupdyr. Şondan iki asyr geçýänçä bu ugurda täze açyş edilmändir. Kompýuterleriň peýda bolmagy bilen Pi sanynyň has köp basgançagy anyklanypdyr. Alymlar ilki Piniň soňky sanlarynyň belli bir tertip bilen dowam etjekdigini çaklapdyrlar. Emma bu beýle bolmandyr.