1-nji oktýabrda Dubaýda (BAE) Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. «EKSPO – 2020» Bütindünýä sergisine ýurdumyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda özüniň milli pawilýony bilen gatnaşýar.
Bu çäräniň möhüm ähmiýeti barada hormatly Prezidentimiziň «EKSPO – 2020» Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýdylýar. Gutlagda bellenilişi ýaly, Bütindünýä sergisi ata Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýokary senagat we intellektual mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan barada, döwletimiziň ösüşi, ygtybarlylygy hakynda anyk düşünjeleri emele getirmekde uly ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, BAE-niň Dubaý şäherinde 1-nji oktýabrda işe başlan «EKSPO – 2020» Bütindünýä sergisi 6 aýlap dowam eder. Oňa dünýä döwletleriniň 190-dan gowragy, şol sanda Türkmenistan hem öz milli pawilýony bilen gatnaşýar. Biziň ýurdumyzyň milli pawilýonynyň mowzugy «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylýar. 9-njy oktýabr türkmen ekspozisiýasyna bagyşlanar. Ýurdumyzyň pawilýony «Ykjamlyk» sergisinde ýerleşýär. Türkmen ekspozisiýasyna gatnaşyjylara multimediýa tehnologiýalary arkaly dünýä belli Ahalteke atlaryna we ajaýyp türkmen halylaryna bagyşlanan wideoýazgylar, şeýle-de pagta we bugdaýyň «ösüşini» görkezýän täsirli gologrammalar görkeziler.
Ýakyn Gündogarda iň uly çäre
Bu waka koronawirus pandemiýasy başlanaly bäri Ýakyn Gündogarda bolup geçýän ilkinji halkara çäredir. Sergi geçen ýyl meýilleşdirilipdi, ýöne koronawirus pandemiýasy we sanitariýa çäklendirmeleri sebäpli yza süýşürilipdi. Açylyş dabarasy sergi merkeziniň uly meýdançasynda – «Al-Wasl» gümmeziniň aşagynda geçirildi.
2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli dowam etjek «EKSPO – 2020» sergisiniň esasy maksady dünýäniň iň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmakdan ybaratdyr. «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» şygary astynda geçirilýän bu sergide dünýäniň iň soňky innowasiýalary, ylmy açyşlary we pikirleri bilen tanşyp bolar. Bu bolsa öz gezeginde, gowy geljege tarap utgaşdyrylan çäreleri meýilleşdirmäge ýardam berer.
Täze meýilnamalar üçin «ýol kartasy» boljak «EKSPO – 2020» sergisinde dürli guramalar, kärhanalar, bilim edaralary, şeýle-de millionlarça myhman hem-de 200-den gowrak gatnaşyjy ýurt we sebit dünýäni kämilleşdirmek maksady bilen tagallalaryny birikdirýärler.
«EKSPO – 2020» sergisiniň diwarlyklary myhmanlary täzeçe pikirlenmäge we ýaşamaga ruhlandyrýar. Bu çäre dünýädäki üstünlikleriň baýramçylygy bolup, bu ýerde her kim özüne gerek zady tapyp bilýär. Dürli tehnologiýalar hem-de medeniýetler bilen tanyş edýän gündelik çäreler bu ýere gelýänlerde çynlakaý täsir galdyrýar, gastronomik zolaklar bolsa, dünýäniň dürli ýurtlarynyň tagamlaryny hödürleýär.
Bu sergi ilkinji gezek Afrika, Günorta Aziýa we Ýakyn Gündogaryň çatrygyndaky sebitde geçirilýär. Bu sergini guramak üçin bahasy 7 milliard dollar töweregi bolan ýörite toplum guruldy. Meýdany 4,38 inedördül kilometre deň bolan zolakda ýaýbaňlandyrylýan sergi Dubaýyň günortasyndaky «Al-Maktum» halkara howa menziline ýanaşyk ýerde ýerleşýär. Uzak geljege niýetlenip, döredilen «EKSPO – 2020» şu günki günüň ähli täzelikleriniň buşlukçysydyr we Bütindünýä sergisi ýapylandan soň, tehnologiýa we ekologiýa taýdan ösen «District 2020» atly geljegiň şäherine öwrüler. Şeýle hem bu ýer kiçi we orta telekeçilige degişli kärhanalar bilen bir hatarda, iri kompaniýalary we holdingleri özünde jemleýän işewürlik merkezine öwrüler. Sergi meýdançasynyň Erkin söwda zolagynda bolmagy halkara kompaniýalaryň bu ýerde işlemeklerini ýeňilleşdirer.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň maý aýynda merkezi edarasy Parižde ýerleşýän Halkara Sergiler Býurosy (BIE) agza ýurtlaryň köpüsiniň islegini nazarda tutup, häzirki geçirilýän sergini bir ýyl yza süýşürmegi makul bilendiklerini mälim edipdi. Halkara sergä 12 milliondan gowrak myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara çäre ýurduň ykdysadyýetine 30 million ýewro goşant goşar. Bu sergi gatnaşyjy ýurtlara hem uly mümkinçilikler hödürleýär.