Her ýyl 9-njy oktýabrda “Bütindünýä poçta güni” giňden bellenilýär. Bu sene öz gözbaşyny 1969-njy ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen “Ählumumy poçta bileleşiginiň” 16-njy gurultaýynda “Bütindünýä poçta gününi” bellemek baradaky kabul edilen karardan alyp gaýdýar. Şondan soňra 1970-nji ýyldan bäri bellenilip geçilýär. Bu senäniň saýlanylyp alynmagy bolsa 1874-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda “Ählumumy poçta bileleşiginiň” döredilmegi bilen baglanşyklydyr.
1984-nji ýylda Gamburgda geçirilen 19-njy Bütindünýä poçta kongresinde Bütindünýä poçta bileleşiginiň gününi Bütindünýä poçta gününe öwürmek kararyna gelindi. Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde bellenilýän halkara günleriniň içinde Bütindünýä poçta güni hem bellenilip geçilip, onda poçta hyzmatlarynyň bütin dünýäde ýaýramagyny we ösmegini güýçlendirmekden ybarat bolup durýar.
Dünýäniň dürli ýurtlarynda Bütindünýä poçta güni bilen baglanyşykly birnäçe gyzykly çäreler, ýaryşlar, sergiler, şeýle hem konsertler geçirilýär. Mysal üçin, 2005-nji ýylda Kamerunda poçta işgärleri bilen CAMTEL telekommunikasiýa kompaniýasynyň işgärleriniň arasynda futbol oýny geçirildi. 2006-njy ýylda bu günüň hormatyna Arhangelsk şäheriniň poçta bölüminde “Köýneklerden ýasalan hatlar” atly poçta gutularynyň sergisi açyldy.
Poçta güni bilen baglanyşykly çärelerde her ýyl bir mowzuga üns berilýär. Bu ýylky çäre “Dikeltmek üçin täzele!” şygary bilen geçirilýär.
Gunça HAMEDOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.