Jebran Halil Jebran, liwan-amerikan ýazyjysy.

(Hekaýa)

Dowamy.

(Ikinji bölüm)

Almitra oňa ýüzlenip, şeýle diýdi:

– Bize söýgi hakda gürrüň ber.

Ol başyny galdyryp, märekä göz aýlanda, olary ümsümlik gurşap aldy. Şonda ol belent sesi bilen söze başlady:

Eger-de söýgi size el bulaýan bolsa, onuň ýoly agyr hem çarkandakly bolsa-da, onuň yzyna düşüň!

Eger-de, onuň ganatlary seni penalasa, perleriniň arasynda gizlenen hanjaryň ýaralamagy mümkin bolsa-da, oňa tabyn boluň!

Haçan-da, ol saňa ýüzlenende, onuň sesiniň demirgazyk ýelleriniň agaç ýapraklaryny sypba-syryşy deý, arzuwlaryňyzy puja çykarmagy mümkin bolsa-da, oňa ynanyň!

Çünki söýgi başyňa täç goýýan hem bolsa, haja çüýleýär.

Şeýle hem ösdürip ýetişdirip, gyrkýar.

Ol seni boýlap, asuda yraň atýan iň näzik şahalaryňy sypalaýar.

Ýeriň jümmüşine uzaýan kökleriňe çenli aralaşyp, olary sarsdyrýar.

Edil desselenen galla ýaly özüne baglaýar.

Saplanmagyň üçin döwýär.

Harpykdan saýlanmagyň üçin eleýär.

Agarmagyň üçin üweýär.

Ýumşamagyň üçin ýugurýar;

Soňra bolsa, Hudaýyň sahawatly suprasynyň mukaddes çöregi bolmagyň üçin öz keramatly ataşyna atýar.

Bu zatlaryň hemmesini öz kalbyň syrlaryny bilmegiň, bu sowat bilen hem durmuşyň kalbynyň bir parçasyna öwrülmegiň üçin söýgi gurnaýar.

Ýöne sen ätiýaç edip, söýgüden diňe rahatlyk we eşret gözleýän bolsaň, onda söýgi harmanynyň döwülýän ýerinden daşlaşyp, gülseň-de doly gülkiň, aglasaň-da doly gözýaşlaryň çykmajak möwsümsiz dünýä gideniňiz afzallydyr.

Söýgi özünden başga hiç zat bermeýär, özünden başga-da hiç zat kabul etmeýär.

Söýgi eýelejek bolmaýar, özüni-de eýeletmeýär; çünki söýgi diňe söýgiden kanagatlanma tapýar.

Söýeniňizde “Hudaý meniň ýüregimde” diýme-de, gaýta, “Men Hudaýyň ýüreginde” diý.

Söýgiň ýollarynda öz ugrumy taparyn öýdüp pikir etmäň, çünki söýgi seni mynasyp saýsa, özi seni ugrukdyrar.

Söýginiň özüni kanagatlandyrmakdan başga islegi ýok.

Ýöne söýýän bolsaňyz, islegleriňde hem galmaly bolsaňyz, goý, onda şular seniň küýsegiň bolsun: söýgüden ýaňa erkiňi elden giderip, mukamyny gijelerine çalyp berýän joşgunly çeşme ýaly boluň!

Hetdenaşa näzikligiň derdini duý;

Söýgä öz düşünişiň bilen ýaradar bol;

Säher çagy ganat baglan ýürek bilen oýanyp, söýginiň ýene bir gününe şükür et;

Günortan çaglary dynç alyp, söýginiň joşgunly pursatlary barada oýlan!

Agşamlaryna hoşallyk bilen öýüňe dolan!

Dildaryňa doga-dileg edip, dilleriňiziň taryp edýän aýdymy bilen uka bat!

(dowamy bar)

Iňlis dilinden terjime eden Ýegenmämmet Taýlyýew.

“Zaman-Türkmenistan”.