Bu sene (iňlis dilinde “International Day of the Girl Child”, “Day of Girls” we “International Day of the Girl” görnüşinde atlandyrylýar) 2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kesgitlenilýär. Bu sene gyzlaryň has köp mümkinçilikden peýdalanmagyny we gender deňligini üpjün etmegi goldamak maksady bilen döredilýär. Ähli gyzlaryň bilime elýeterli edilmegi, saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy we beýleki hukuklarynyň üpjün edilmegi bu senäniň esasy mowzugy bolup durýar.

Gyzlaryň halkara güni resmi taýdan Kanadanyň çözgüdi bilen BMG-nyň Baş Assambleýasynda karar hökmünde resmi taýdan teklip edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Aýallaryň ýagdaýy baradaky 55-nji komissiýasynda Kanadanyň aýallar ýagdaýy ministri Rona Ambrozuň hemaýatkärlik etmeginde bu başlangyjy goldaýan zenanlar çykyş etdiler. 2011-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 11-nji oktýabry Halkara Gyzlar güni hökmünde karary kabul etmek üçin sese goýuldy. Kararda Gyzlar gününiň ykrar edilýändigi aýdylýar.

Ilkinji gezek 2012-nji ýylda bellenilen bu sene her ýyl bir tema bagyşlanýar. Bu senede halkara guramalar, jemgyýetçilik guramalary we beýleki edaralar dürli çäreleri geçirýärler.