Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň täze hil derejesi Türkmenistanyň yzygiderli ösüşini, şol sanda onuň halkara arenasyndaky artýan işjeňligini adalatly baglanyşdyrýar. Türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köp babatda çalt depginler bilen özgerýän, dünýäniň çagyryşlaryna mynasyp jogap bolup durýan anyk ädimler arkaly utgaşdyrylýandygy bilen şertlendirilýär. Türkmenistan, dünýäniň energetiki kuwwatyna eýe bolan öňdebaryjy döwletleriň biri hökmünde dünýä bileleşiginiň ünsüni energiýa howpsuzlygynyň ulgam dörediji elementlerine gönükdirmek arkaly halkara hyzmatdaşlygyny alyp barýar. Türkmenistan uglewodorod çig malynyň dünýäde ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen senagaty ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ägirt uly maýa goýumlaryny çekmek ýoly arkaly ýurduň ykdysadyýetini depginli ösdürmek meselesini esasy orunda goýýar. Bu ýerde ýurduň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk ileri tutulýar. Şu jähtden, halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde energiýa serişdelerini ugradyjy iri döwlet hökmünde Türkmenistanyň çykyş etmegi energetika diplomatiýasynyň möhüm şahasyna öwrüldi. Energetika pudagynda däp bolan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamak bilen bir hatarda Türkmenistan Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta-Gündogar ugurlary boýunça göni energetiki hyzmatdaşlygyny ep-esli giňeltdi. Dünýäniň öňdebaryjy nebit-gaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen ykjam hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Hormatly Prezidentimiz 2007-nji ýylda global möçberde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara mehanizminiň döredilmeginiň zerurlygy baradaky pikiri öňe sürdi. Şu ugurdaky möhüm ädim hökmünde 2008-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Rezolýusiýa kabul edildi we munuň özi bu meselede halkara derejesinde giň möçberli pikir alyşmalaryň başyny başlady. Bu resminamanyň Tertipnamasyna laýyklykda, 2009-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly ýokary derejeli halkara maslahaty geçirildi. Bu wekilçilikli foruma gatnaşyjylaryň öňünde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz ilkinji ädim hökmünde, hususan-da gyzyklanýan ýurtlaryň we halkara guramalarynyň tekliplerini nazara almak arkaly, energiýa serişdelerini geçirmek hem-de halkara hukuk resminamasyny işläp taýýarlamak boýunça teklipleri taýýarlamak üçin halkara bilermenler toparyny döretmek baradaky meselä garamagy teklip etdi. Bu teklip maslahata gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan goldanyldy we jemleýji resminamada öz beýanyny tapdy.

Birleşen Milletler Guramasyna ähli agza döwletler Türkmenistanyň ählumumy energiýa howpsuzlygy meselesi bilen bagly başlangyçlaryny biragyzdan goldaýarlar we olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy alyp barmaga gyzyklanma bildirýärler. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 2013-nji ýylyň 17-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça işlenip düzülen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Rezolýusiýany kabul etdi. Hususan-da, bu rezolýusiýada Türkmenistanyň hökümetiniň 2014-nji ýylyň başynda bu mesele boýunça bilermenleriň halkara maslahatyny geçirmek baradaky teklibini BMG-niň kanagatlanmak bilen belläp geçýändigi barada aýdylýar. Mundan başga hem bu rezolýusiýada BMG-niň Baş sekretarynyň energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly geçirmek bilen bagly gatnaşyjy döwletleriň we BMG-niň degişli düzümleriniň garaýyşlaryny soramak we bu garaýyşlary Baş Assambleýa hasabat hökmünde ýollamak baradaky teklibinde öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy globalizasiýanyň hem-de tehnika we tehnologiýanyň çalt ösýän, ylmyň we öňdebaryjy ylmy barlaglaryň gazananlarynyň ornaşdyrylýan häzirki zaman şertlerindäki halkara bileleşiginiň durmuşa geçirýän toplumlaýyn tagallalarynda garalýan durnukly ösüşiň global geljegi bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde: «Ählumumy maksatlaryň 17-sinde we wezipeleriň 169-synda beýan edilen täze Gün tertibiniň ösüş babatdaky meseleleri çözmäge esasy çemeleşmeleri öz içine alýandygyna doly ynanýarys. Bu meseleler häzirki döwürde adamzadyň öňünde duran möhüm wezipelerdir. Şol wezipeleriň esasy häsiýeti halkara bileleşiginiň durnukly ösüşi sazlaşykly we toplumlaýyn esasda üç ugur boýunça: ykdysady, durmuş we ekologiýa babatda gazanmagyna gönükdirilendir. Ýokarda sanalyp geçilen şertler durnukly ösüşiň ykdysady wezipelerini ýerine ýetirmekde halkara bileleşiginiň takyk we sazlaşykly işlemegini talap edýär. Geçiriljek işleriň köp babatda göz öňünde tutulan maksatlary amala aşyrmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn. Bu bolsa gymmat bolmadyk we ygtybarly häzirki zaman energiýa serişdeleriniň hemmelere elýeterli bolmagyny üpjün eder. Şeýle hem durnukly ykdysady ösüşi we iş bilen doly üpjünçiligi gazanmaga ýardam berer. Çeýe üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge, senagat taýdan durnukly ösüşi goldamaga we innowasiýalary höweslendirmäge giň şertleri döreder» diýip belläp geçdi. Bu pikiri dowam etmek bilen hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde eden çykyşynda şeýle belläp geçdi: «Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşdy, birnäçe anyk teklipleri girizdi. 2015-nji ýylda Bütindünýä sammitinde Ählumumy Gün tertibi we Durnukly ösüş maksatlary kabul edilenden soňra, biziň ýurdumyz ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatlaryny milli meýilnamalara we durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalara uýgunlaşdyrmaga girişdi. Munuň üçin ýurdumyzda BMG bilen hyzmatdaşlyk etmegiň degişli hemişelik hereket edýän guraly döredildi. Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy äşgär duýulýan durmuş ugruna eýedir. Gürrüň azyk howpsuzlygyny we ilatyň iýmitlenmeginiň gowulandyrylmagyny, ýerlerde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, ähli zenanlar hem-de gyzlar üçin hukuklaryň we mümkinçilikleriň kepillendirilmegi, giň gerimli, adalatly we ýokary hilli bilim almak üçin şertleriň döredilmegi arkaly doly gender deňligini üpjün etmek ýaly möhüm ugurlar barada barýar». Ýokarda agzalanlary nazara almak bilen, biziň ýurdumyzyň uzakmöhletleýin energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň möhüm guraly hökmünde Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň düýpli işjeňleşýändigini belläp geçmek zerurdyr.

Özüniň ägirt uly serişde mümkinçiligini tutuş adamzadyň bähbidine peýdalanmaga ymtylýan Türkmenistan bu ugurda anyk ädimleri ätmek bilen, ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmak ýörelgelerine hem-de energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga esaslanýan bu ugurdaky syýasaty durmuşa geçirýär. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda ýangyç-energetika serişdeleriniň önümçiliginiň we gazylyp alnyşynyň depgini düýpli ýokarlandyryldy, energiýa serişdeleriniň ugradylyş ýollary hem diwersifikasiýalaşdyrylýar. Türkmenistan energetika ulgamynda sebit we sebitara ähmiýetli iri taslamalary yzygiderli durmuşa geçirýär. Pudaga ornaşdyrylýan innowasiýalar, şeýle-de häzirki zaman şertlerinde elektrik beketler üçin ýangyjyň iň netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz görnüşi bolan ýurtdaky tebigy gazyň ägirt uly gorlary ykdysadyýetiň strategiki pudagynyň öňünde duran wezipeleri netijeli çözmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň energetika senagaty ösüşiň durnukly ýokary depginlerini saklap, dünýä bazarlarynda islegden peýdalanylýan elektroenergiýanyň eksportyny ýokarlandyrmak mümkinçiligine eýedir. Diwersifikasiýa strategiýasyny yzygiderli amala aşyrmak bilen, soňky ýyllaryň içinde ýurdumyz hyzmatdaşlary bilen bilelikde gündogar we günorta ugurlary boýunça birnäçe iri turbageçiriji taslamalary amala aşyrdy. Olaryň häzirki zaman global energetika howpsuzlygynyň, şol sanda türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmegiň köpşahaly ulgamynyň hasabyna döretmäge gönükdirilendigi hem strategiki ähmiýete eýedir.

2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça üstünlikli we yzygiderli amala aşyran ädimlerini aýdyň görkezen wakalar bolup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz we biziň ýurdumyza sapar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň, şeýle-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarifiň we Hindistan Respublikasynyň wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansariniň gatnaşmagynda  2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda «Türkmenistan–Owganystan-Pakistan–Hindistan» hem-de «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň üçünji nobatdakysynyň gurluşygyna dabaraly badalga bermek çäresi Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde ýene bir anyk ädim boldy. Türkmenistanyň Prezidenti 2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Balkan welaýatyndaky iri energetika desgasy bolan «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisiniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda: «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisiniň gurulmagy Garaşsyz döwletimiziň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde örän möhüm tapgyrdyr. Sebäbi energiýa serişdelerini ibermek ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň binýatlyk we üýtgewsiz ýörelgesi bolup durýar. Türkmenistan şu ýörelgeden ugur alýar we diwersifikasiýa strategiýasyna gyşarnyksyz eýerip, öz energiýa serişdelerini ibermegiň köp görnüşli ulgamyny döretmek boýunça anyk işleri amala aşyrýar” diýip aýratyn belläp geçdi.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda açylan Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça Okuw merkezinde energetika diplomatiýasy boýunça ýörite okuw sapaklary yzygiderli dowam edýär. Geçirilýän okuw sapaklarynda hormatly Prezidentimiziň energetika diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlary, energetikanyň ähmiýeti, ýurdumyzda ýangyç-energetika serişdeleriniň önümçiliginiň we gazylyp alnyşynyň depgini düýpli ýokarlandyrmagy, energiýa serişdeleriniň ugradylyş ýollary babatda, şeýle hem, bu ugurda halkara guramalaryň ýerine ýetirýän işleri giňişleýin açyp görkezilýär. Bu merkeziň açylmagy bilen, halkara gatnaşyklary ulgamynda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy täze derejä çykarylýar, munuň özi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda energetika boýunça okuw sapagy halkaraçy hünärmenleriň bu ugurda düşünjeleriniň artmagyna, döwrüň möhüm meselelerine täzeçe çözgüt tapmaklaryna uly itergi berýär.

 

Aýsenem ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.