Ýylyň dowamynda tebigat bilen baglanyşykly günleriň birnäçesi ýörite baýramçylyk hökmünde bellenilýär. Bu belli senelerde şol güne bagyşlanan çäreler geçirilýär. Şeýle günleriň biri hem göçegçi guşlaryň günüdir. Bu gün maý aýynyň ikinji ýekşenbesinde hem-de 9-njy oktýabrda bellenilýär. 2006-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasy Göçegçi guşlaryň bütindünýä gününi maý aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellemeli edýär. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň göçegçi suw guşlaryny goramak baradaky Afrika-Ýewraziýa şertnamasy esasynda döredildi. Onuň maksady planetanyň sebitleriniň arasynda bu guşlar bilen bagly habarlarlylygy ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Dünýäniň 118 ýurdunda bu senä bagyşlanan çäreler geçirilýär. Birleşen Milletler Guramasy bu senä bagyşlap her ýyl bir tema kesgitleýär. Bu ýylky çäreler “Saýra, uç, belende gal! – edil guş ýaly! Ady bilen geçirilýär. Paslyň çalyşmagy netijesinde göçýän guşlara bagyşlanan gün adamlaryň bu jandarlaryň ýaşaýan ýerleri we ýollary baradaky bilimlerini artdyrmagy maksat edinýär. Şeýle hem ýabany guşlaryň sanyny we köpdürlüligini goramak maksat edinilýär. Maglumatlara görä, dünýäde guşlaryň 100 müňden gowrak görnüşi bar.

Ýokarda agzalanlar bilen bir hatarda 9-njy oktýabr hem göçegçi guşlaryň bütindünýä güni hökmünde bellenilýär. Guşlaryň baýramçylygy ilkinji gezek 1894-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Oýl-Siti şäherinde bellenilýär. Soňra bu baýramçylyk Ýewropa ýurtlaryna aralaşýar.

Bu sene göçüp göçegçi guşlaryň guşlaryň görnüşleri baradaky konwensiýanyň Aziýa-Afrika şertnamasynyň howandarlygynda geçirilýär. Bu halkara şertnama Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) bir bölegidir. Türkmenistanyň çäginde guşlaryň höwürtgeleýän ýerleriniň arasynda aralyk ýagdaýy eýelemegi, haýwanat dünýäsiniň dürli toparlara eýe bolmagy netijesinde, olaryň möwsümleýin göçüp-gonmagy uzak wagta çekýär. Ýazda fewral aýynyň ortasyndan maý aýynyň ahyryna çenli, güýzüne iýulyň ahyryndan dekabryň başyna çenli dowam edýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň çäginde guşlaryň uçup geçýän iri ugurlarynyň ikisi – Gündogar Ýewropa-Günorta Aziýa hem-de Günbatar we Merkezi Sibir – Arabystan-Afrika ugurlary kesişýär. Guşlaryň uly topar bolup uçmagyna garamazdan, ekologiýa taýdan amatly ýerleri – derýalaryň hanalaryny, dag jülgelerini, deňiz ýakalaryny saýlap alýarlar.

Bu senäniň bellenilmeginiň maksady, göçüp barýan guşlaryň diapazonynyň (gyş we tomus) ekoulgamlaryny zaýalaýan global daşky gurşawyň üýtgemelerine jemgyýetiň ünsüni çekmek we göçüp-gonup ýören guşlaryň görnüşlerini köpeltmek, uçuş we tebigy şertleriň gaýdyp gelmegini gazanmakdyr.

Guşlaryň göçmegi, biodürlüligiň, ekoulgamyň saglygynyň we howanyň üýtgemeginiň esasy görkezijisidir. Göçüp barýan guşlaryň işjeňligi netijesinde tutuş ekoulgamyň deňagramlylygy saklanýar. Käbir guşlar oba hojalyk ekinlerine zyýan berýän mör-möjekler bilen iýmitlenýän bolsalar, käbir ösümlikler guşlaryň kömegi bilen tozgalanýar.

Resul GYLYJOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.