Dur­ky tä­ze­le­nen ýol­la­ryň – N.An­da­lyp we Mag­tym­gu­ly şa­ýol­la­ry­nyň tä­ze bö­lek­le­ri­niň aý­law­ly çat­ryk­la­ryn­da bi­na edi­len bu ga­ba­ra­ly heý­kel kom­po­zi­si­ýa­lary Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň öň­ ýa­nyn­da aş­ga­bat­ly­lar üçin baý­ram­çy­lyk sow­ga­dy­na öw­rül­di. N.An­da­lyp bi­len “10 ýyl aba­dan­çy­lyk” şa­ýol­la­ry­nyň ke­siş­ýän ýe­rin­de dö­re­di­len aý­law­da “Ze­min” diý­lip at­lan­dy­ry­lan bi­na­gär­lik-be­zeg mi­na­ra­sy peý­da bol­dy.
Tö­we­re­ge ýal­kym saç­ýan de­mir to­ruň üs­tün­de ýer­leş­di­ri­len şar bi­ziň Ýer to­ga­la­gy­my­zy ala­mat­lan­dyr­ýar.
No­bat­da­ky heý­kel “Je­bis­lik” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Ol N.An­da­lyp we A.Ny­ýa­zow şa­ýol­la­ry­nyň ke­siş­ýän aý­la­wyn­da ýer­leş­di­ril­di. Bu des­ga­nyň çe­per tag­ly­ma­tyn­da en­çe­me çeş­me­le­riň bir bi­te­wi joş­gun­ly aka­ba öw­rü­lip, öz ug­run­da äh­li päs­gel­çi­lik­ler­den ge­çip bil­ýän­di­gi ba­ra­da­ky pi­ki­riň dö­re­di­ji­lik­li açyl­ýan­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Em­ma şu kom­po­zi­si­ýa­da alaw esa­sy keşp bo­lup, azat­ly­gyň, nu­ruň, ýag­ty­ly­gyň, dur­mu­şyň, ru­huň we paý­ha­syň ny­şa­ny, şeý­le hem däp-des­sur­la­ryň yzy­gi­der­li­li­gi­niň ala­ma­ty bo­lup dur­ýar.
N.An­da­lyp we Gal­ky­nyş şa­ýol­la­ry­nyň ke­siş­ýän aý­la­wyn­da bol­sa “Ösüş” diý­lip at­lan­dy­ry­lan öz­bo­luş­ly plas­ti­ki kom­po­zi­si­ýa bi­na edil­di. Mo­nu­men­tal­ly­gy­na ga­ra­maz­dan, onuň gö­zü­ňi do­kun­dyr­ýan nus­ga­wy gur­lu­şy ösü­şi, gal­ky­ny­şy we tä­ze­le­ni­li­şi, şol bir wagt­da dur­mu­şyň kuw­wa­ty­ny be­ýan ed­ýär.
N.An­da­lyp we Mag­tym­gu­ly şa­ýol­la­ry­nyň ke­siş­ýän ýe­rin­de çat­ry­gyň keş­bi­ni gar­la­waç­la­ry şe­kil­len­dir­ýän be­lent heý­kel jan­lan­dyr­ýar. Ol “Er­ka­na­lyk” diý­lip at­lan­dy­ryl­dy we ru­huň, pi­ki­riň er­kin­li­gi­ni, yl­ham-joş­gu­nyň asyl­ly­ly­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. As­ma­na gal­ýan guş­la­ryň su­du­ryn­da ada­myň keş­bi gö­ze ilip, ony alys göz­ýe­tim­ler özü­ne im­rin­di­rip, bo­ýun eg­me­dik be­lent­lik­ler ça­gyr­ýar. Ga­ly­ber­se-de, gar­la­waç halk ara­syn­da ba­ha­ryň, ýag­şy­ly­gyň, bag­ty­ýar­ly­gyň, umyt-ar­zu­wyň, şow­lu­ly­gyň buş­luk­çy­sy ha­sap­la­nyp­dyr.
Ýe­ne bir mo­nu­ment Mag­tym­gu­ly we Aba An­na­ýew şa­ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da­ky aý­law­da ýer­leş­di­ri­lip, “Çe­men” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Onuň şe­ki­li­niň ýö­ne­keý­li­gi we tä­sir­li­li­gi köp ma­ny­ly­ly­gy özün­de jem­le­ýär. Çün­ki çe­men – bu toý-da­ba­ra­nyň ny­şa­ny bol­mak bi­len, onuň bi­len iň go­wy ar­zuw­la­ry – bag­ty­ýar­ly­gy, söý­gi­ni, be­re­ket-bol­çu­ly­gy, sag­ly­gy, üs­tün­lik­le­ri bag­la­nyş­dyr­ýar­lar.