Angliýada iş orunlarynyň pandemiýadan ozalky döwürdäki derejä ýetendigi habar berildi. Ýurduň Salgyt edarasynyň maglumatlaryna görä, geçen aý 207 müň täze iş orny peýda bolup, bu ugurda rekord derejä ýetipdir. Milli statistika edarasynyň maglumatyna görä bolsa, ýurtda 1,2 million iş orny boş dur. Bu iki görkezijiniň hem öz ugrunda rekorddygy mälim edildi. Bu maglumatlar iş bilen üpjünçilikdäki dikelişi, hökümediň geçen aý goldaw maksatnamasyny duruzmagy bilen tölegsiz rugsatdaky 1 million işgäriň uly böleginiň işe çykjakdygyny görkezýär.