12-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.
Işewür döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi hem-de tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat, ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. Igor Makarow işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde berýän goldawy hem-de dürli pudaklarda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, häzirki döwürde milli ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan oňyn özgertmelere ýokary baha berdi.
Hormatly Prezidentimiz iri kompaniýanyň ýolbaşçysyna gutlag sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, dünýäniň gyzyklanma bildirýän işewür toparlary bilen uzak möhletli we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga we sanly ulgama geçirmäge, okgunly ylmy-tehnologik ösüşe gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaryň hem-de sebit we halkara ähmiýete eýe bolan iri düzümleýin taslamalaryň öňden gelýän, ygtybarly hyzmatdaş bolan “ARETI” halkara kompaniýalar topary bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy.
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika toplumynda, gurluşyk hem-de ulag ulgamlarynda ileri tutulýan ugurlar babatda bar bolan kuwwaty we ondan netijeli peýdalanmagyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.
Işewür tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň häzirki wagtda energiýa serişdelerini öndürýän döwlet hökmünde dünýäde uly abraýdan peýdalanýandygyny nygtady.
Duşuşygyň barşynda işewür milli Liderimize baglaşylan şertnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barlan işler, şol sanda “ARETI” kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Ol kompaniýanyň gatnaşyklaryň çägini giňeltmäge taýýardygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklary işläp geçmek boýunça täze teklipleri hödürledi.
Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bu taslama gyzyklanmanyň, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ägirt uly kuwwaty hem-de bu ýerde döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, degişli hukuk binýady bilen özüne çekijidigini aýtdy. Bularyň ählisi bolsa nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmäge, täze düzümleýin desgalary gurmaga iri serişdeleri netijeli gönükdirmäge mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutanymyz holdingiň özara bähbitli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine oňyn çemeleşmesini belläp, islendik taslamany durmuşa geçirmekde iň täze tehnologik çözgütleri we öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary ulanmagyň hem-de ekologik howpsuzlygyň kadalaryny berk berjaý etmegiň potratçy kompaniýalara bildirilýän esasy talapdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz işewüre bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Duşuşygyň ahyrynda “ARETI” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy holdingiň ýurdumyzda dürli ulgamlarda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklap, hormatly Prezidentimizi kompaniýanyň netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdigine hem-de öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarly bolup, jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.