Malaýziýada ilatyň 90 göteriminden gowragynyň koronawirusa garşy doly sanjym almagy bilen şäherara we halkara çäklendirmeler aýryldy. Ýurduň hökümet başlygy Ismail Sabri Ýakub bu barada metbugat ýygnagyny geçirip, “Covid-19 milli immunitet maksatnamasynyň” (PICK) çäklerinde uly ýaşly raýatlaryň 90 göteriminden gowragynyň sanjym alandygyny mälim etdi. Ýakub doly sanjym alanlaryň hiç hili rugsat almazdan şäherara gatnawlary amala aşyryp biljekdigini belledi. Şeýle hem Ýakub Malaýziýanyň raýatlarynyň daşary ýurtlara hem gidip biljekdiklerini, emma yzyna gelenlerinde karantinde bolmalydygyny belledi.
Ýurtda şu ýylyň ýanwarynda şäherara gatnawlara çäklendirme girizilipdi. Soňky wagtlarda ýurtda koronawirus ýokanjyna ýolugýanlaryň sany görnetin azalandygy habar berildi.